
2021-nji ýylyň 21-nji aprelinde Paýtagtymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu merkez milletiň baý mirasyny aýawly saklamak, öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işlere mynasyp goşant bolar. Şeýle hem bu ýerde Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanan Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu baýramçylyk döwlet Baştutanymyzyň degişli Permanyna laýyklykda, her ýyl aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde belleniler.Merkezi binanyň birinji gatynda muzeý ýerleşdirilip, onda tutuş dünýäde meşhurlyga eýe bolan ahalteke bedewleriniň we özüniň ajaýyp häsiýeti bilen ýurdumyzyň çäkleriniň daşynda hem meşhurlyk gazanan alabaýlaryň özboluşly heýkelleri we olaryň aýratynlyklaryna bagyşlanan nakgaş eserleri, ahalteke bedewleriniň we alabaýlaryň şekilleri çitilen halylar görkezilýär şeýle hem Gahryma Arkadagymyzyň“Türkmen alabaýy” goşgusynyň hala çitilen nusgasy muzeýiň görnükli ýerinde goýlupdyr.
Merkeziň baý kitap gaznasynyň bardygyny bellemek gerek. Kitaphana doly derejede kompýuterleşdirilen. Munuň özi okyjylara elektron kitaphana serişdelerine, ylmy we usulyýet edebiýatlaryna bolan elýeterliligi üpjün edýär. Şeýle hem bu ýerde ahalteke bedewlerine we alabaýlara bagyşlanan döwürleýin metbugat neşirleri bar. Mundan başga-da, kitaphanadaky ýörite internet-saýtlarynyň, olaryň üsti bilen metbugat neşirleri, “Behişdi ahalteke atlary” we “Türkmeniň nusgalyk alabaýy” atly žurnallarda ýerleşdirilen makalalar, gyzykly maglumatlar bilen tanyşmak mümkinçiligi döredilen. Kitaphananyň üç dilde hereket edýän elektron saýty ahalteke bedewleri we türkmen alabaýlary baradaky gündelik maglumatlar, halk döredijiliginiň eserleri bilen baýlaşdyrylyp durulýar. Döwlet Baştutanymyzyň eserlerinden dürli rowaýatlar yzygiderli ýerleşdirilen. Kitaphananyň işine täzeçil tehnologiýalar, sanly ulgam ornaşdyrylan. Bu bolsa kitaphananyň okyjylarynyň sanynyň artmagyny şertlendirýär. Şeýlelikde, bu ýerde hünärmenleriň atşynaslyk we itşynaslyk babatda netijeli işlemekleri, alymlaryň ahalteke bedewleridir türkmen alabaýlary baradaky bilimlerini artdyrmaklary üçin ähli zerur şertler döredilen.Bu bolsa degişli ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini üpjün edýär. Binanyň ikinji gatynda merkeziň iş otaglary işgärleriň netijeli işlemegi üçin zerur bolan esbaplar bilen üpjün edilip, olaryň ygtyýarynda kompýuterler we beýleki degişli enjamlar bar. Merkeziň maslahatlar zaly we ýöriteleşdirilen otaglary häzirki zaman talaplary nazara alnyp, maksadalaýyk enjamlaşdyrylyp, bu ýerde mejlisleri, beýleki çäreleri hem-de halkara häsiýetli forumlary geçirmek, şol sanda onlaýn tertipdäki halkara duşuşyklary, ähmiýetli maslahatlary guramak, olary sanly ulgam arkaly dünýä ýaýmak üçin ýokary derejeli mümkinçilikler bar. Şol bir wagtyň özünde bu ýerde netijeli iş alyp barmak, häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalaryndan peýdalanmak üçin zerur şertler göz öňünde tutulan.
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň I mejlisiň gün tertibinde kesgitlenen beýleki meselelere geçmek bilen guramanyň Tertipnamasynda “Assosiasiýasynyň başlygy” we “Assosiasiýanyň başlygynyň orunbasary” diýen sözleri “Assosiasiýanyň Prezidenti” we “Assosiasiýanyň wise-prezidenti” diýen sözler bilen çalyşmak boýunça Tertipnama üýtgetmeleri girizmek, şeýle hem Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň guraýan halkara bäsleşiginiň ýeňijisine gowşuryljak “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly medaly döretmek boýunça teklipleri öňe sürülidi. Foruma gatnaşyjylaryň ses bermekleriniň netijesinde, bu teklipler biragyzdan goldanyldy.
Soňra mejlisiň gün tertibi boýunça Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli has tapawutlanan itşynaslara “Türkmenistanyň at gazanan itşynasy” diýen hormatly atlary dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryny okaldy. Mynasyp bolan sylaglaryny uly buýsanç, egsilmez tolgunma bilen kabul edip, olar zähmetlerine berlen ýokary baha üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar we mundan beýläk-de bu asylly işe mynasyp goşant goşmak ugrunda zerur tagallalaryny etjekdiklerine ynandyrdylar. Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi. Ol Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysyna “Türkmenistanyň at gazanan itşynasy” diýen hormatly ady dakyldy.