ALABAÝYŇ WASPY SUNGATDA

27.10.2023 1324

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Karary bilen türkmen alabaýlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, teleoperatorlaryň arasynda yglan edilen bäsleşige hödürlenen döredijilik işleriniň sergisi açyldy. Sergä ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, sungaty öwrenijiler, itşynaslar şeýle hem türkmen alabaýlarynyň çyn muşdaklary gatnaşdylar. Hüşgärligi, çydamlylygy, wepalylygy, duýgurlygy, bilen tapawutlanýan türkmen alabaýlary bu gün milli gymmatlygymyz derejesinde sarpalanýar. Türkmen alabaýlarynyň arasynda geçirilýän bäsleşikler bolsa olaryň aýratynlyklaryny açyp görkezmäge mümkinçilik berýär. Wepadarlygy bilen ynsanlaryň hemişelik hemrasyna öwrülen türkmen alabaýynyň hormatyna ýurdumyzda bellenilýän şanly sene mynasybetli geçirilýän bäsleşige hödürlenen işler çeperçiligi, nepisligi bilen biri-birinden tapawutlanýar. Halylarda häzirki  wagtda haly  gölleri bilen bilelikde türkmen alabaýynyň keşbiniň sazlaşykly dokalmagy, alabaýlaryň türkmen durmuşynda uly orun eýeleýändigini suratlandyrýar. Sergi eserlerinden görnüşi ýaly, awtorlar milli gymmatlygymyz bolan türkmen alabaýlarynyň dürli görnüşdäki pursatlaryny öz işlerine sünnäläp siňdirmegi başarypdyrlar.

 Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bellenilýän Türkmen alabaýynyň  baýramy mynasybetli geçirilen amaly haşam döredijilik işgärleriniň  ýeňijileri 29-njy oktýabrda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek dabarada aýan ediler, ýeňijilere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar. Milli baýlygymyz bolan türkmen alabaýlarymyzy sarpalaýan, olaryň wepadarlygyny, gaýduwsyzlygyny, hüşgärligini sungat eserlerinde beýan etmäge ähli şertleri, mümkinçilikleri döredip berýän  Gahryman Arkadagymyzyň  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başy aman bolsun! 

 

 

25.02.2022 1945
DOWAMY
30.10.2022 1552
DOWAMY
25.04.2021 3307
DOWAMY
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» kitabyndan:
- ALABAÝ - BIZIŇ WATANYMYZYŇ BAÝLYGY. OL BIZIŇ ATA-BABALARYMYZYŇ DÖREDEN MILLI GYMMATLYGY. ONY GORAP SAKLAMAK, ÄHLI AJAÝYPLYGY BILEN GELJEK NESILLERIMIZE ÝETIRMEK BIZIŇ BORJUMYZDYR.