TOPLUMDA JEMLEÝJI TAPGYR

29.10.2023 1505

2023-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli ählihalk baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Olar bu şanly senä bagyşlanan çäreleriň ajaýyp jemlemesine öwrüldi. Baýramçylygyň çäklerinde sergiler, maslahatlar, alabaýlaryň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty  eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşikleri, aýdym-sazly çykyşlar, beýleki medeni çäreler geçirildi. Şol gün  Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynda geçirilen esasy dabaralara köpsanly ildeşlerimiz we paýtagtymyzyň myhmanlary gatnaşdylar. Toplumyň çäginde ýurdumyzyň  ähli welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden milli amaly-haşam, şekillendiriş sungatynyň eserleriniň, fotosuratlaryň, halk senetçiliginiň, neşir, haly hem-de heýkeltaraşlyk önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.  «Ýylyň türkmen edermen  alabaýy» atly halkara bäsleşiginiň we  türkmen alabaýyna bagyşlanan döredijilik gözden geçirilişleriniň jemleriniň jemlenilmegi ynsanyň wepaly dostlarynyň şanyna geçirilen baýramçylyk dabaralarynyň ýatda galyjy wakalarynyň biri boldy. Syn ediş meýdançasyna bäsleşigiň deslapky  tapgyrlarynda saýlanyp alnan, ýurdumyzyň dürli sebitlerinden iň gowy alabaýlaryň 10-sy çykaryldy. Emin  agzalaryna we tomaşaçylara alabaýlaryň atlary, olaryň ýaşy, nesil ugry, eýesi baradaky maglumatlar mälim edildi. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna çykan alabaýlar belli nesil ugurlaryna degişlidir, olary synlan  köpsanly janköýerler arassa ganly alabaýlara mahsus aýratynlyklara baha bermäge mümkinçilik aldylar. Bäsleşikleriň netijelerini  jemlemek   hem-de düzümine tejribeli, bilimli hünärmenler giren eminler toparynyň çözgüdini yglan etmek pursaty gelip ýetdi. «Ýylyň  türkmen edermen alabaýy» adyna Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligine degişli Akhan atly türkmen alabaýy mynasyp boldy. Halkara bäsleşiginiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy — awtoulagyň açary, ýörite medal, göçme kubok  we diplom gowşuryldy. Soňra türkmen alabaýynyň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda we teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasyndaky döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli dabaralar ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda hem ýaýbaňlandyryldy. Baýramçylyk konsertleri, sergiler, edebi-sazly, şahyrana duşuşyklar, ýurdumyzyň itşynaslaryny sylaglamak ýaly çäreler toý joşgunyny has hem artdyrdy.

25.04.2021 3307
DOWAMY
21.04.2021 2434
DOWAMY
25.02.2022 1945
DOWAMY
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» kitabyndan:
- ALABAÝ - BIZIŇ WATANYMYZYŇ BAÝLYGY. OL BIZIŇ ATA-BABALARYMYZYŇ DÖREDEN MILLI GYMMATLYGY. ONY GORAP SAKLAMAK, ÄHLI AJAÝYPLYGY BILEN GELJEK NESILLERIMIZE ÝETIRMEK BIZIŇ BORJUMYZDYR.