TÜRKMEN ALABAÝYNA WE TAZYSYNA BAGYŞLANAN HALKARA MASLAHAT

23.10.2026 7
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylynda bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Türkmen alabaýynyň we tazysynyň ýetişdirilmegi: taryhy, medeniýeti we sungaty» atly VI halkara ylmy maslahat geçirildi. Diýarymyzda giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli guralan maslahata ýurdumyzyň ussat itşynaslary, kinologlary, hünärmenler, uniwersitetiň professor – mugallymlary, kinologiýa hünärinde okap bilim alýan talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler asyrlaryň dowamynda türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilen alabaýlaryň häzirki wagtda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli üns-aladalary netijesinde umumadamzat mirasyna öwrülendigini bellediler. Halkara ylmy maslahatda alabaýlaryň we tazylarytmyzyň tohum arassalygyny gorap saklamak, dünýäde giňden wagyz etmek, welaýatlarymyzda we paýtagtymyzda gurlan merkezlerde türkmen alabaýlaryny tazylaryny ösdürip ýetişdirmek hem-de köpeltmek, tohumçylyk-seçgiçilik işlerini alyp barmak boýunça durmuşa geçirilýän işleriň ähmiýetine üns çekildi. Alabaýlaryň özboluşly aýratynlyklaryny, gylyk-häsiýetini, wepadarlygyny dünýä ýaýmak möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, bu ugra ýöriteleşen daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak we dowam etdirmek hem ileri tutulýan wezipe bolup durýar. «Türkmen alabaýynyň we tazysynyň ýetişdirilmegi: taryhy, medeniýeti we sungaty» atly VI halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek we köpeltmek, olaryň dünýädäki şan-şöhratyny has-da artdyrmak boýunça döredip berýän döwrebap şertleri üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.
26.10.2024 2675
DOWAMY
25.04.2021 5595
DOWAMY
29.10.2022 3788
DOWAMY
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» kitabyndan:
- ALABAÝ - BIZIŇ WATANYMYZYŇ BAÝLYGY. OL BIZIŇ ATA-BABALARYMYZYŇ DÖREDEN MILLI GYMMATLYGY. ONY GORAP SAKLAMAK, ÄHLI AJAÝYPLYGY BILEN GELJEK NESILLERIMIZE ÝETIRMEK BIZIŇ BORJUMYZDYR.