HALKARA «TÜRKMEN ALABAÝ ITLERI ASSOSIASIÝASYNYŇ» II MEJLISI GEÇIRILDI

29.10.2022 1513

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň milli mirasyna, naýbaşy gymmatlyklaryna sarpa günsaýyn artýar. Pederlerimiziň müňýyllyklaryň dowamynda ösdürip, terbiýeläp kemala getiren milli gymmatlyklarynyň biri-de türkmen alabaýlarydyr. Özüniň mertligi, hüşgärligi, wepalylygy, düşbüligi bilen halkymyzyň ýakyn dostuna öwrülip, milli miraslarymyzyň hatarynda mynasyp orun alan türkmen alabaýlarymyzyň şöhraty bu günki gün bütin dünýä ýaň salýar. Oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramynyň giňden bellenilmegi hem bu wepaly jandara goýulýan belent sarpanyň nyşany bolup äleme dolýar. Baýramçylygyň çäklerinde däp bolşy ýaly 29-njy oktýabrda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň ikinji mejlisi geçirildi. 

 Foruma ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, ýolbaşçylary we hünärmenleri, assosiasiýanyň agzalary hem-de sanly ulgam arkaly daşary ýurtly itşynaslar gatnaşdylar. Halkara assosiasiýanyň agzalary sanly ulgam arkaly mejlise gatnaşyp, alabaýlaryň tohumynyň häzirki ýagdaýy barada maglumatlary ýygnamagyň we alyşmagyň, olary gorap saklamak, sanyny artdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň möhümdigini nygtadylar.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli “Türkmenistanyň at gazanan itşynasy” diýen hormatly ady dakmak hakynda Permany okaldy. Hormatly ada mynasyp bolanlar belent buýsanç duýgusy hem-de tolgunmak bilen döwlet sylaglaryny kabul edip, hormatly Prezidentimize öz alyp barýan işlerine ýokary baha berendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, geljekde-de bu asylly işlere mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar. Şeýle-de mejlisiň dowamynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Prezidentiniň Çözgüdine laýyklykda, assosiasiýanyň  ýerli we daşary ýurtly täze agzalaryna agzalyk şahadatnamalary gowşuryldy. Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ygtyýarly wekili Ruslan Kabirow halkara assosiasiýanyň agzalygyna kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu guramanyň işine mundan beýläk-de öz goşandyny goşmaga taýýardygyny uly buýsanç bilen nygtap geçdi. 

 Assosiasiýanyň agzalygyna täze kabul edilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Bedfordşir graflygyndan itşynas Antonio Lo Raso hem-de Çehiýa Respublikasyndan hususy itşynas Wiktor Barsa hemmeleri Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gutlap, özlerine bildirilen ynam üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdiler we assosiasiýanyň agzalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny tassykladylar. 

 Foruma gelen myhmanlar ýurdumyzyň şöhratly geçmişini hem-de häzirki döwürde amala aşyrylýan özgertmeleri wasp edýän döredijilik toparlary, bagşy-sazandalar köpöwüşginli çykyşlary bilen garşyladylar. Bu ýerde türkmen alabaýyna bagyşlanan muzeý gymmatlyklarynyň, şekillendiriş, amaly-haşam eserleriniň hem-de fotosuratlaryň sergisi guraldy. Mejlisiň dowamynda çykyş edenleriň ählisi itşynaslygy ösdürmäge daşary ýurtly itşynaslar bilen gatnaşyklary ýola goýmaga döredip berýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan ähli hoşallyklaryny beýan etdiler.

21.04.2021 2433
DOWAMY
29.10.2023 1502
DOWAMY
25.04.2021 2761
DOWAMY
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» kitabyndan:
- ALABAÝ - BIZIŇ WATANYMYZYŇ BAÝLYGY. OL BIZIŇ ATA-BABALARYMYZYŇ DÖREDEN MILLI GYMMATLYGY. ONY GORAP SAKLAMAK, ÄHLI AJAÝYPLYGY BILEN GELJEK NESILLERIMIZE ÝETIRMEK BIZIŇ BORJUMYZDYR.