Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Balkan welaýat Merkezi

25.04.2021 2571

  Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň gözel künjeginde gurlan türkmen alabaýlarynyň merkeziniň binalar toplumy uly alabaý itleriniň 40-syny, güjükleriň bolsa 30-syny saklamaga niýetlenendir. Toplumda alabaýlary gezdirmek, türgenleşdirmek, suwa düşürmek, weterinar hyzmatlaryny talabalaýyk alyp barmak üçin zerur bolan ähli amatlyklar göz öňünde tutulan. Görkezme çäreleri üçin niýetlenen ýöriteleşdirilen meýdança hem-de 30 orunlyk tomaşa münberi toplumyň dürli binalarynyň üstüni ýetirýär. Bu ýerdäki edara binasy iki gatdan ybarat bolup, onda ähli zerurlyklary özünde jemleýän iş otaglary, wideogözegçilik otagy, mejlisler zaly ýerleşýär. Bu ýerde zähmet çekjek hünärmenler üçin niýetlenen işgärler binasy iş we dynç alyş otaglaryny, naharhanany hem-de beýleki zerur bolan otaglary özünde jemleýär. Toplum alabaý itlerini äkidip-getirmekde zerur bolan ýöriteleşdirilen ulaglar hem-de itleri iýmitlendirmek üçin niýetlenen tirkegli traktorlar bilen üpjün edilendir. Bökdençsiz elektrik energiýasy bilen üpjün etjek enjamlar bilen enjamlaşdyrylan toplumyň çäginde agyz suwy üçin, şeýle-de baglary suwarmak hem-de ýangyna garşy göreşmek ýaly zerurlyklara niýetlenen suw howdanlary hem gurlan. Innowasion enjamlar bilen üpjün edilen merkezde alabaýlaryň tohumçylyk işine, olarda häsiýetli aýratynlyklary ýüze çykarmaga we berkitmäge ähli talaplar göz öňünde tutulandyr, şeýle hem seçgiçileriň, itşynaslaryň, zootehnikleriň, weterinarlaryň we beýleki hünärmenleriň netijeli işlemekleri üçin ähli şertler döredilendir.

 

 

24.10.2024 126
DOWAMY
29.10.2022 1518
DOWAMY
29.10.2023 1505
DOWAMY
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» kitabyndan:
- ALABAÝ - BIZIŇ WATANYMYZYŇ BAÝLYGY. OL BIZIŇ ATA-BABALARYMYZYŇ DÖREDEN MILLI GYMMATLYGY. ONY GORAP SAKLAMAK, ÄHLI AJAÝYPLYGY BILEN GELJEK NESILLERIMIZE ÝETIRMEK BIZIŇ BORJUMYZDYR.