Türkmen alabaýynyň baýramyny bellemek hakynda hoşallyk maslahaty geçirildi

28.12.2021 1764

  2021-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezi binasynyň mejlisler zalynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalarynyň gatnaşmagynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Hoşallyk maslahaty Arkadag Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 27-nji dekabrynda «Türkmen alabaýynyň baýramyny bellemek hakynda» Permana gol çekmegi bilen bagly şatlykly taryhy waka bagyşlandy.

  Halkymyzyň taryhy-medeni mirasyny goramak we ony dünýäde giňden wagyz etmek Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda alnyp barylýan toplumlaýyn özgertmeler türkmen alabaýlarynyň tohumçylyk işiniň ösdürilmegini hem-de kämilleşdirilmegini şertlendirýär. 

  Arkadag Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» atly ajaýyp eserinde «Alabaý – biziň Watanymyzyň baýlygy. Ol biziň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygy. Ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyz» diýlip nygtalýar. 

  Türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak we milli itşynaslygy ösdürmek maksady bilen, her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramyny bellemek hakynda degişli resminama gol çekilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir.

  Hoşallyk maslahatynda çykyş edenler türkmen alabaýlarynyň halkymyzyň diňe bir kömekçisi, emlägiň ygtybarly goragçysy bolmak bilen çäklenmän, eýsem müňýyllyklaryň dowamynda wepaly dosta öwrülendigini nygtadylar. Türkmen alabaýlarymyz baý medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegidir. Olary gorap saklamak we geljekki nesillere ýetirmek ýaly pederlerimiziň asylly däpleri häzirki döwürde-de mynasyp dowam etdirilýär.

  Hoşallyk maslahatyna gatnaşyjylar türkmen alabaýynyň hormatyna milli senenamada baýram döredip, asylly däplere, milli mirasa hormat goýmagyň hem-de wepalylygyň özboluşly nyşanyna öwrülen türkmen alabaýlaryny saklamak, onuň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmak ugrunda döredip berýän ähli şertleri we mümkinçilikleri üçin Arkadag Prezidentimize çäksiz alkyşlary aýtdylar!

  Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler!

 

26.01.2022 2439
DOWAMY
27.10.2023 1337
DOWAMY
05.10.2021 1733
DOWAMY
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» kitabyndan:
- ALABAÝ - BIZIŇ WATANYMYZYŇ BAÝLYGY. OL BIZIŇ ATA-BABALARYMYZYŇ DÖREDEN MILLI GYMMATLYGY. ONY GORAP SAKLAMAK, ÄHLI AJAÝYPLYGY BILEN GELJEK NESILLERIMIZE ÝETIRMEK BIZIŇ BORJUMYZDYR.