
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan halk bähbitli, döwlet ähmiýetli ynsanperwer syýasaty netijesinde, gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýan şöhratly taryhymyzy, ata-babalarymyzyň dünýä medeniýetine goşan gymmatlyklaryny ylmy esasda düýpli öwrenmekde we şu günki hem-de geljekki nesillere ýetirmekde giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmen halkynyň milli gymmatlyklary bu gün dünýä dolýar. Bedew atlarymyz, el halylarymyz, türkmen alabaýlarymyz bilen bilelikde türkmen tazysy hem merdana halkymyzyň özüniň milli gymmatlyklary bolup durýar. Milli gymmatlyklarymyzyň esasylarynyň biri bolan türkmen tazylaryny ýetişdirmegiň milli tejribelerine hem belent sarpa goýulýar. Ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek üçin ähli zerur işler durmuşa geçirilýär.
Arkadag Prezidentimiziň yzygiderli hemaýat goldawlary netijesinde, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy tarapyndan türkmen tazysynyň standartynyň işlenilip düzülmegi hem-de tassyklanylmagy awçylyk medeniýetinde ähmiýetli orun eýeleýän we halkymyzyň milli buýsanjy hasaplanylýan türkmen tazylary barada ýurt derejesinde edilýän aladanyň aýdyň subutnamasydyr.
Arkadag Prezidentimiziň milli baýlyklarymyzy gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça durmuşa geçirýän beýik işleri, taryhy özgertmeleri geljekki nesiller üçin nusgalyk mekdepdir.
Ýurdumyzda milli itşynaslygymyzy ösdürmekde, türkmen tazylarynyň taryhy yzlaryny mirasşynaslyk ylmy tarapdan öwrenilmegi ugrunda döredip berýän ähli şertleri we mümkinçilikleri üçin Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalary Arkadag Prezidentimize çäksiz alkyşlaryny aýdýarlar!
Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, başynyň dik bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler!