Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Lebap welaýat merkezi

25.04.2021 4058

  Baýramçylyk günlerinde Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň çäginde Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň welaýat merkeziniň açylyp, ulanylmaga berilmegi goşa baýramyň gündogar sebitdäki iň şanly wakalarynyň biri boldy. Şol gün ýurdumyzyň ähli sebitlerinde şeýle merkezleriň işine badalga berildi. Olar ata Watanymyzyň taryhyna alabaý itlerine niýetlenilen ilkinji merkezler hökmünde girer. Şonuň üçin bu merkezleriň açylyş dabarasyny hem taryhy waka hasaplap bolar.Lebap welaýat merkezinde türkmen  alabaý itleriniň gözellik bäsleşigini geçirmek üçin niýetlenilen bölüm merkeziň ilkinji ädimlerinde ýer leşýär. Ýörite meýdançanyň ini, boýy bäsleşige çykarylan alabaýlary iki ýana gezim etdirmäge doly mümkinçilik berýär. Meýdançanyň bir çetinde bolsa eminleriň we tomaşaçylaryň 30-sy üçin ýörite orunlar ýerleşdirilipdir.

  Weterinariýa gullugy merkeziň iň möhüm bölümleriniň biridir. Çünki bu ýerde idedilýän alabaýlaryň saglygy hakynda aýratyn alada edilýär. Şeýle bolansoň, gulluk zerur enjamlar bilen doly üpjün edilipdir. Ýörite binada iş otaglarynyň üçüsi bar. Olar weterinar, hirurgiýa hem-de bejeriş otaglarydyr. Otaglaryň adyndan hem belli bolşy ýaly, bu ýerde näsaglan itlere ilkinji weterinariýa kömegini bermek bilen birlikde, gerek bolsa, çylşyrymly operasiýalary geçirmäge we operasiýadan soňky saglygyny dikeldiş möwsümi üçin mümkinçilikler bar.Merkez 40-sany uly itler, 30- sy bolsa güjükler üçin niýetlenilendir. Giňligi 2 metre ýetýän ýataklaryň her birinde içki we daşky otaglar göz öňünde tutulypdyr. Içki otaglar alabaýlaryň dynç almagyna niýetlenendir.

 

26.10.2022 1504
DOWAMY
05.10.2021 1717
DOWAMY
25.10.2024 244
DOWAMY
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» kitabyndan:
- ALABAÝ - BIZIŇ WATANYMYZYŇ BAÝLYGY. OL BIZIŇ ATA-BABALARYMYZYŇ DÖREDEN MILLI GYMMATLYGY. ONY GORAP SAKLAMAK, ÄHLI AJAÝYPLYGY BILEN GELJEK NESILLERIMIZE ÝETIRMEK BIZIŇ BORJUMYZDYR.