«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Ahalteke bedewiniň waspy» atly hoşallyk maslahaty geçirildi.

25.04.2022 2116

 2022-nji ýylyň 25-nji aprelinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Ahalteke bedewiniň waspy» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahata gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň uly dabara bilen, giňden bellenilip geçilendigini, munuň aňyrsynda bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, ýurdumyzyň atşynaslyk ulgamyny ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, bu ugurdaky medeni mirasymyzy giňden wagyz etmek babatda köpugurly tagallalaryň durýandygyny nygtadylar.      

 Hoşallyk maslahatyna Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Arkadagly Serdarymyzyň şa serpaýlaryna mynasyp bolan şele-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna täze agzalyga kabul edilen ýurdumyzyň dürli künjeklerinde atçylyk pudagy bilen meşgullanýan atçylar, seýisçiler we atbakarlar gatnaşyp, Arkadagly Serdarymyza behişdi ahalteke bedewlerini köpeltmäge we olary saklamaga edýän yzygiderli kömek goldawlary, ýapan şa serpaýlary üçin öz alkyşlaryny beýan etdiler.

 Çykyşlarda ýurdumyzda döwlet derejesinde atçylyk pudagyny ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli çäreleriň amala aşyrylýandygyna üns çekilip, munuň mysaly hökmünde welaýatlarda döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň, Ahal welaýatynda Aba Annaýew obasynyň, paýtagtymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkeziniň ulanylmaga berlendigi bellenildi.      

 Çykyşlaryň dowamynda şu ýylyň 20-nji aprelinde «Oguzkent» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylyk etmeginde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisiniň üstünlikli geçirilendigi hakynda aýdyldy. Bu forum ahalteke bedewlerini köpeltmek bilen meşgullanýan atşynaslar üçin netijeli hyzmatdaşlyk meýdançasy bolup, türkmen halkynyň bahasyz gymmatlygy hem-de buýsanjy hasaplanylýan behişdi bedewleriň dünýädäki şöhratyny artdyrmaga ýardam berýändigi aýdylyp geçildi. Hoşallyk maslahatynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralan giň gerimli toý çäreleriniň ähmiýeti barada hem aýratyn durlup geçildi. 

 Hoşallyk maslahatyna gatnaşyjylar atçylyk pudagynda zähmet çekmäge ajaýyp şertleri döredýän, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak ugrunda beýik işleri alyp barýan Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli tutumlarynda mundan beýläk-de üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw etdiler.

     

21.04.2021 2561
DOWAMY
30.10.2022 1552
DOWAMY
25.02.2022 1947
DOWAMY
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» kitabyndan:
- ALABAÝ - BIZIŇ WATANYMYZYŇ BAÝLYGY. OL BIZIŇ ATA-BABALARYMYZYŇ DÖREDEN MILLI GYMMATLYGY. ONY GORAP SAKLAMAK, ÄHLI AJAÝYPLYGY BILEN GELJEK NESILLERIMIZE ÝETIRMEK BIZIŇ BORJUMYZDYR.