Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Karantin merkezi

25.04.2021 2858

  Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde dag eteginiň gözel künjeginde bina edilen Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Karantin merkeziniň dabaraly açylyşy boldy. Goşa senäniň - Türkmen bedewiniň milli baýramynyň, Türkmen alabaýynyň baýramynyň şowhunyny belende göteren bu dabara welaýat we Ak bugdaý etrap häkimlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalary, il sylagly ýaşulular, täze merkeziň gurluşygyny alyp baran gurluşykçy-hünärmenler hem-de beýleki myhmanlar gatnaşdylar. Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň buýurmasy esasynda «Nur bina Gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan gurlan täze merkez 1 gektar meýdany eýeleýär. Karantin merkezi 30 orunlyk bolup, onuň çägindäki ugurdaş we kömekçi desgalarda alabaýlar üçin giň şertler we mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr. Barlag-geçiriş nokady, hojalyk binasy, transformator bekedi, suw sorujy nokady, iş otaglary we işgärler üçin otaglar giň amatlyklara eýedir. Daşary döwletlerden getirilen zooweterinar enjamlaryny, şol sanda ultrases enjamy, umumy barlag toplumy, gan almak üçin enjamlar toplumy, biohimiki analizator, gematologiki enjamlar, sanly rentgen enjamlary, barlag laboratoriýa ulgamy, portatiw rentgen ulgamy, parazit seljeriş toplumy, itler üçin mikroçipler we beýleki enjamlar bu merkeziň ýokary mümkinçiliklerinden habar berýär.Karantin merkezinde işgärler üçin hem amatly we oňaýly iş şertleri göz öňün­­de tutulypdyr. Tehniki enjamlar, aragatnaşyk, internet we wideogözegçilik ulgamlary bu ýerde işleri sazlaşykly alyp barmaga mümkinçilik berýär.

 

05.04.2021 2510
DOWAMY
27.10.2022 1555
DOWAMY
27.10.2023 1274
DOWAMY
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» kitabyndan:
- ALABAÝ - BIZIŇ WATANYMYZYŇ BAÝLYGY. OL BIZIŇ ATA-BABALARYMYZYŇ DÖREDEN MILLI GYMMATLYGY. ONY GORAP SAKLAMAK, ÄHLI AJAÝYPLYGY BILEN GELJEK NESILLERIMIZE ÝETIRMEK BIZIŇ BORJUMYZDYR.