HALKARA «TÜRKMEN ALABAÝ ITLERI» ASSOSIASIÝASY
TÜRKMENIŇ NUSGALYK ALABAÝY
Türkmen alabaýynyň wepaly, batyr durky ruhy hem-de beden sagdynlygyny bize nusga edýän gözellikdir. Türkmen alabaýynyň iň kämil keşbi hakydalarymyzdadyr.
Türkmen alabaýynyň wepaly, batyr durky ruhy hem-de beden sagdynlygyny bize nusga edýän gözellikdir. Türkmen alabaýynyň iň kämil keşbi hakydalarymyzdadyr.
Läheň göwreli, gazan kelleli, aýy penjeli, ýumşak häsiýetli, wepaly itler türkmende bar.
Türkmen alabaýy adamkärçiligiň asylly ýörelgelerini özünde jemleýän “türkmençiligiň” batyrlyk, merdanalyk, wepalylyk, sypaýylyk gatnaşyklarynyň alamatlandyrylmasydyr.
Ata-babalarymyz Türkmen alabaýyny eýesine wepadar, goýna hüşgär edip ýetişdirmek üçin yhlas baryny siňdiripdirler. Alabaýy gördügiň, gözüň dokunýar.
Türkmen alabaýlarymyz wepalylygyň, goraglylygyň, üstünligiň nyşany. Pederlerimiz gadymyýetden ony maşgala ojagynyň goragçysyna, ýakyn dostuna öwrüpdirler.
Alabaý-biziň Watanymyzyň baýlygy .Ol biziň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygy. Ony gorap saklamak,ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyzdyr.
Ynsanyň iň bir ýakyn dosty, goragçysy hasaplanýan alabaýlar türkmeniň geçmişinde, häzirki döwründe esasy orny eýeleýändir.Olaryň duýgurlygy, hüşgärligi, wepadarlygy hem-de kyn günüňde ýakyn dost kimin ýardam edýänligi aýdylana güwälikdir.Türkmen milletini, onuň geçmişini alabaýsyz asla göz öňüne getirmek mümkin däl.
Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryndan biri dünýäde türkmen halkynyň taryhy-medeni milli mirasyny gorap saklamak we ýaýratmakdyr. Bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işleriň möhümleriniň biri täsin tohum bolan Türkmen alabaýynyň sanyny köpeltmekdir.
Müňlerçe ýyllyk taryhymyzy öwrenmekde, milli gymmatlyklarymyza eýe çykmakda, olary gözümiziň göreji ýaly gorap saklamakda Gahryman Arkadagymyzyň bitiren işlerini hiç bir zat bilen ölçäp bolar ýaly däl. Bu bolsa ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň ählisiniň hem «Döwlet adam üçindir!» diýen belent şygaryň astynda durmuşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.