Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Daşoguz welaýat merkezi

25.04.2021 3308

  Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, «Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň we Türkmen alabaýynyň baýramynyň giňden bellenilen güni Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde hem-de beýleki welaýatlarynda bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda hem Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň welaýat merkeziniň açylyş dabarasy boldy.

  Häzirki wagtda umumy meýdany 1 gektardan ybarat bolan bu merkeziň çäginde edara hem-de işgärler üçin binalar, alabaýlaryň jemi 70 sanysyny saklamaga hem-de olara seretmäge niýetlenen, ýagny 30 orunlyk it ýatagy, 20 orunlyk 2 — 6 aýlyk güjükleri saklanylýan, 20 orunlyk ene alabaýlaryň bolýan jaýlary, weterinariýa, izolýator bölümleri, münber, sergi, türgenleşik meýdançalary bar. Şonuň ýaly-da, bu ýerde alabaýlary idetmekde peýdalanyljak tehnikalar üçin jaýlar ýerleşýär.

  Toplumdaky binalarda işleri guramak, işgärleriň oňat zähmet çekmekleri we dynç almaklary, alabaýlaryň kadaly iýmitlendirilmegi, weterinar gözegçiliginde saklanylmagy we beýleki maksatlar üçin ähli zerur şertler döredilen.

 

26.01.2022 2425
DOWAMY
26.10.2022 1510
DOWAMY
26.10.2023 1526
DOWAMY
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» kitabyndan:
- ALABAÝ - BIZIŇ WATANYMYZYŇ BAÝLYGY. OL BIZIŇ ATA-BABALARYMYZYŇ DÖREDEN MILLI GYMMATLYGY. ONY GORAP SAKLAMAK, ÄHLI AJAÝYPLYGY BILEN GELJEK NESILLERIMIZE ÝETIRMEK BIZIŇ BORJUMYZDYR.