ASSOSIASIÝANYŇ V MEJLISI GECIRILDI

25.10.2025 42
Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň V mejlisi geçirildi. Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bu forum türkmen halkynyň milli baýlygy bolan edermen alabaýlaryň dünýädäki şan-şöhratyny has-da artdyrmaga gönükdirilen möhüm wakadyr. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezinde geçirilen mejlise ugurdaş düzümleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, assosiasiýanyň agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, sanly ulgam arkaly daşary ýurtly itşynaslar gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda gadymdan gelýän däp-dessurlarymyzy öwrenmäge hem-de dünýäde wagyz etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda milli itşynaslyk sungaty hem aýratyn orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde türkmen alabaýlarynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek, olary gorap saklamak we köpeltmek, taryhyny we tohum aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Soňra III mejlisiň gün tertibine assosiasiýanyň işiniň guramaçylygyna bagyşlanan meseleler girizildi. Şeýle hem onuň düzümine täze agzalaryň kabul ediljekdigi, ýurdumyzyň öňdebaryjy kinologlaryna döwlet sylaglarynyň gowşuryljakdygy, geljek üçin möhüm wezipeleriň maslahatlaşylyp, degişli çözgütleriň kabul ediljekdigi mälim edildi. Şöhratly pederlerimiz tarapyndan ösdürilip kemala getirilen alabaýlar bütin dünýäde bellidir. Taryhyň edebi çeşmelerinde we halk rowaýatlarynda alabaýlaryň wepalylygy, gaýduwsyzlygy, islendik çylşyrymly ýagdaýda eýesini halas etmek üçin öz janyny pida etmäge taýýardygy barada aýdylýar. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, türkmen alabaýy halkymyzyň taryhyny müňýyllyklardan alyp gaýdan medeni gymmatlygydyr. Alabaýlar tutuş dünýäde güýç-kuwwaty, akyllylygy we wepalylygy bilen meşhurlyk gazanyp, iňgadymy hem-de naýbaşy tohumlaryňbiri hasaplanýar. Bellenilişi ýaly, türkmen alabaýlarynyň şöhratyny dünýä ýaýmakda Gahryman Arkadagymyzyň hyzmatlary örän uludyr. Milli Liderimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda halkymyzyň durmuşynda we ykbalynda alabaýlaryň eýeleýän möhüm orny barada giňişleýin gürrüň berilýär. Çykyş edenler bu eseriň ynsanperwer ähmiýetini belläp, onuň baý mazmunynda arheologiýa we etnografiýa babatda ylmy-gözleg maglumatlarynyň getirilýändigini, meşhur türkmen seçgiçileri tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen tohumyň aýratynlyklary barada gyzykly maglumatlaryň beýan edilýändigini, onuň kinologlar we birnäçe ugruň hünärmenleri, giň okyjylar köpçüligi üçin aýratyn gymmatlydygyny nygtadylar. Mejlisiň dowamynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzasy, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Sport-amaly itçilik federasiýasynyň tälimçisi, kinolog-gözükdirijisi, Akdost atly türkmen alabaýynyň tälimçisi Mariýa Haýrullina çykyş edip, Türkmen alabaýynyň baýramy bilen hemmeleri gutlady. Hünärmen çykyşynda Akdost atly alabaýa tälim bermek bilen bagly tejribesini paýlaşdy hem-de onuň asylly häsiýetleri barada aýtdy. Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzasy, Hytaý Halk Respublikasyndan hususy itşynas An Jinlong çykyşynyň dowamynda türkmen halkynyň baý medeni mirasyny aýawly saklamak ugrundaky aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi hem-de hemmeleri Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gutlady. Soňra Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Miçigan ştatyndaky «Guardian dog» merkeziniň müdiri, hususy itşynas Ýekaterina Rekowski çykyş etdi. Ol sözüniň başynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy we hormatly Prezidentimizi, ähli türkmen halkyny Türkmen alabaýynyň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady. Itşynas ýolbaşçylyk edýän merkezinde türkmen alabaýlarynyň saklanylýandygyny belläp, bu ugurda öz tejribesini paýlaşdy hem-de türkmen hünärmenleri bilen pikir alyşmaga döredilen mümkinçilige hoşallygyny beýan etdi. Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permany okaldy. Hormatly ada mynasyp bolanlar belent buýsanç duýgusy bilen döwlet sylaglaryny kabul edip, alyp barýan işlerine ýokary baha berendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, geljekde-de bu tohumyň arassalygyny saklamak, täze ugurlary döretmek, türkmen alabaýlarynyň sanyny köpeltmek boýunça ylmy-seçgiçilik işlerini alyp barjakdyklaryna ynandyrdylar. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň prezidentiniň çözgüdine laýyklykda, assosiasiýanyň täze agzalaryna agzalyk şahadatnamalary gowşuryldy. Assosiasiýanyň düzümine kabul edilen daşary ýurtly itşynaslar — Türkiýe Respublikasyndan «VetAssist» weterinariýa anyklaýyş we bejeriş merkeziniň müdiri Ahmet Gürhan Aýdynoglu we Hytaý Halk Respublikasynyň Oba hojalygy ylymlary akademiýasy boýunça hünärmeni Wei Huakai sanly ulgam arkaly Türkmen alabaýynyň baýramy bilen hemmeleri gutlap, uly ynam üçin hoşallyk bildirdiler.
28.10.2022 1888
DOWAMY
25.04.2021 4155
DOWAMY
27.10.2024 869
DOWAMY
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» kitabyndan:
- ALABAÝ - BIZIŇ WATANYMYZYŇ BAÝLYGY. OL BIZIŇ ATA-BABALARYMYZYŇ DÖREDEN MILLI GYMMATLYGY. ONY GORAP SAKLAMAK, ÄHLI AJAÝYPLYGY BILEN GELJEK NESILLERIMIZE ÝETIRMEK BIZIŇ BORJUMYZDYR.