HALKYMYZYŇ MILLI GYMMATLYGY

28.10.2023 1295

Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli gymmatlyklarymyzyň biri bolan türkmen alabaý itleriniň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olary gorap saklamak we köpeltmek, tohumçylygyny alyp barmak hem-de bu ugurda geçirilýän işleri halkara derejede ösdürmek boýunça uly tagallalar edilýär.        

 Her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli 2023-nji ýylyň oktýabr aýynyň 28-ne S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Türkmen alabaýynyň we tazysynyň ýetişdirilmegi we sungaty» atly III halkara ylmy maslahat geçirildi. Maslahata  gatnaşyjylar ilki bilen ýokary okuw mekdebiniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan ugurdaş mazmunly sergini synladylar. «Milli buýsanjymyz bolan türkmen alabaýyna we tazysyna goýulýan sarpa» diýlip atlandyrylýan bu sergide milli gymmatlyklarymyza uly orun berildi.  Soňra «Türkmen alabaýynyň we tazysynyň ýetişdirilmegi taryhy, medeniýeti we sungaty» atly III halkara ylmy maslahaty Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalary, alymlar, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, hususy itşynaslar çykyşlaryny dowam  edip, asyrlaryň dowamynda türkmen topragynda ösdürilip, kemala getirilen we umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna öwrülen türkmen alabaýlarynyň öz aýratynlyklary boýunça dünýäde giňden tanalýandygyny hem-de tohum itleriň arasynda iň gadymylarynyň we naýbaşylarynyň biri hasaplanýandygyny öz çykyşlarynda belläp geçdiler.

 Syraty, edermenligi, wepalylygy bilen dünýä ýüzüni haýrana goýýan alabaýlarymyz hakynda Gahryman Arkadagymyz «Türk­men ala­ba­ýy»  at­ly ki­ta­byn­da şeý­le diý­ýär: «Ala­baý — bi­ziň Wa­ta­ny­my­zyň baýlygy. Ol biziň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygy. Ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljekki nesil­le­ri­mi­ze ýe­tir­mek bi­ziň bor­ju­myz­» diýip nygtap geçýär. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň işleri üstünlikli alyp barmagy arkaly halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň biri bolan türkmen alabaýlarynyň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olary gorap saklamak we köpeltmek, tohumçylyk işini alyp barmak hem-de bu ugurda geçirilýän işleri halkara derejesinde ösdürmek boýunça häzirki döwürde ýurdumyzda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Çykyşlarda Türkmen alabaýlarynyň iň gadymy tohumlarynyň biri bolandygyny ýurdumyzyň Altyndepe, Goňurdepe, Nusaý ýaly meşhur taryhy-medeni ýadygärliklerinde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň barşynda ýüze çykarylan köp sanly arheologik tapyndylar hem tassyklaýar. 

 Maslahatyň ahyrynda netijeli işlemäge döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza  ýene bir gezek hoşallyk bildirilip, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli tagallalaryň gaýgyrylmajakdygyna ynandyryldy hem-de türkmen alabaýlarynyň dünýädäki şöhratyny artdyrmak babatda alnyp barylýan işlerde uly üstünlikleriň gazanylmagyny arzuw etdiler.

 

 

   

05.10.2021 1721
DOWAMY
27.10.2024 213
DOWAMY
24.10.2024 125
DOWAMY
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» kitabyndan:
- ALABAÝ - BIZIŇ WATANYMYZYŇ BAÝLYGY. OL BIZIŇ ATA-BABALARYMYZYŇ DÖREDEN MILLI GYMMATLYGY. ONY GORAP SAKLAMAK, ÄHLI AJAÝYPLYGY BILEN GELJEK NESILLERIMIZE ÝETIRMEK BIZIŇ BORJUMYZDYR.