MILLI BUÝSANJYMYZ

23.10.2024 266

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli 2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 23-ne Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetinde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň birinji tapgyrynda saýlanan alabaýlaryň 20-si duýgurlygy, düşbüligi, daşky görnüşi, hüşgärligi şeýle hem bellenen päsgelçiliklerden geçmekleri bilen bäsdeşdiler. Halkara bäsleşige badalga berilmezden ozal, oňa gatnaşýan türkmen alabaýlary gözden geçirilip, weterinar lukmanlar tarapyndan saglyk ýagdaýlary barlanyp, olara kepilnamalar hem-de ýörite san belgileri berildi. Şol belgiler bilen hem türkmen alabaýlary bäsleşik meýdançasyna çykdylar. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, türkmen alabaýlary tomaşaçylaryň öňünden geçip, öňde duran dürli päsgelçiliklerden — geçmekleri boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler. Eminleriň gelen gutarnykly netijeleri halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda çykyş etjek türkmen alabaýlaryň 10 sanysy belli bolar. Bäsleşige Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň welaýat merkezlerinden hem-de Aşgabat şäherinden, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryndan şeýle-de hususy itşynaslar tarapyndan ýetişdirilen türkmen alabaýlary gatnaşdylar.

  Ençeme asyrlaryň dowamynda adamyň wepaly ýoldaşy we dosty, öýüniň goragçysy, kömekçisi bolan alabaýlar özleriniň ajaýyp gylyk-häsiýeti, edermenligi bilen halkymyzyň medeniýetinde, sungatynda, edebiýatynda, halk döredijiliginde we gündelik durmuşynda uly orun eýeledi.

 

25.04.2021 2768
CONTINUE
28.10.2023 1294
CONTINUE
02.12.2021 3092
CONTINUE
From the book "Turkmen Alabay" by Hero Arkadag:
- ALABAY - THE TREASURE OF OUR COUNTRY. IT IS THE NATIONAL VALUE OF OUR ANCIENTS. IT IS OUR RESPONSIBILITY TO PROTECT IT, TO PASS IT TO OUR GENERATIONS WITH ALL OF ITS WONDERFULNESS.