ALABAÝYŇ HALKARA YKRARNAMASY

16.12.2025 12
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň merkezinde «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnamanyň gowşurylyş dabarasy tamamlananyndan soňra dabara Aşgabat atçylyk sport toplumynda dowam etdi.Toplumyň açyk manežinde taryhy wakanyň hormatyna ýurdumyzyň şöhrat gazanan alabaýlarynyň we «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň ýeňijileriniň görkezilişi boldy. Bu çäre joşgunly aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşykly dowam etdi. Dabara gatnaşan ýurdumyzyň itşynaslary alabaýlaryň tohum arassalygyny gorap saklamak babatda döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Ähli görkezijiler babatda ýokary netije gazanan alabaýlaryň görkezme çykyşlary täsirliligi bilen tapawutlandy.Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde özüniň gadymy görnüşini saklap galan türkmen alabaýlary halkymyzyň gözellik, maddy we ruhy gymmatlyklar baradaky garaýyşlarynyň esasy nyşanlarynyň biridir. Bedew atlary seýisläp ýetişdiren türkmen halky arassa ganly tohum alabaýlary ýetişdirmekde-de dünýä nusgalyk ýoly döredipdir. Bu ýerde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary tarapyndan ýaýbaňlandyrylan joşgunly çykyşlar dabaranyň şowhunyny has-da belende göterdi.Şanly wakanyň hormatyna guralan konsertiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine döredilen «Türkmen alabaýy» atly aýdymyň ýerine ýetirilmegi dabara gatnaşyjylarda aýratyn hoşallyk duýgusyny döretdi. Goý, itşynaslarymyz we türkmen alabaýlarymyz barada bimöçber alada edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary hemişe aman bolsun, il-ýurt bähbitli, işleri hemişe rowaçlyga beslensin! Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň merkezinde «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnamanyň gowşurylyş dabarasy tamamlananyndan soňra dabara Aşgabat atçylyk sport toplumynda dowam etdi.Toplumyň açyk manežinde taryhy wakanyň hormatyna ýurdumyzyň şöhrat gazanan alabaýlarynyň we «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň ýeňijileriniň görkezilişi boldy. Bu çäre joşgunly aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşykly dowam etdi. Dabara gatnaşan ýurdumyzyň itşynaslary alabaýlaryň tohum arassalygyny gorap saklamak babatda döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Ähli görkezijiler babatda ýokary netije gazanan alabaýlaryň görkezme çykyşlary täsirliligi bilen tapawutlandy.Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde özüniň gadymy görnüşini saklap galan türkmen alabaýlary halkymyzyň gözellik, maddy we ruhy gymmatlyklar baradaky garaýyşlarynyň esasy nyşanlarynyň biridir. Bedew atlary seýisläp ýetişdiren türkmen halky arassa ganly tohum alabaýlary ýetişdirmekde-de dünýä nusgalyk ýoly döredipdir. Bu ýerde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary tarapyndan ýaýbaňlandyrylan joşgunly çykyşlar dabaranyň şowhunyny has-da belende göterdi.Şanly wakanyň hormatyna guralan konsertiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine döredilen «Türkmen alabaýy» atly aýdymyň ýerine ýetirilmegi dabara gatnaşyjylarda aýratyn hoşallyk duýgusyny döretdi. Goý, itşynaslarymyz we türkmen alabaýlarymyz barada bimöçber alada edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary hemişe aman bolsun, il-ýurt bähbitli, işleri hemişe rowaçlyga beslensin!
26.01.2022 2405
DOWAMY
21.04.2021 3325
DOWAMY
28.10.2023 2008
DOWAMY
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» kitabyndan:
- ALABAÝ - BIZIŇ WATANYMYZYŇ BAÝLYGY. OL BIZIŇ ATA-BABALARYMYZYŇ DÖREDEN MILLI GYMMATLYGY. ONY GORAP SAKLAMAK, ÄHLI AJAÝYPLYGY BILEN GELJEK NESILLERIMIZE ÝETIRMEK BIZIŇ BORJUMYZDYR.