
2021-nji ýylyň 25-nji aprelinde paýtagtymyzda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň toplumynyň açylyş dabarasy boldy, şeýle hem teleköpri arkaly Ahal welaýatyndaky Karantin merkeziniň, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde gurlan merkezleriň — döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen gurlan türkmen alabaýynyň merkezleriniň teleköpri arkaly açylyş dabaralary geçirildi.
Bulardan başga-da, itleri gezdirmek, şeýle hem görkezme çykyşlary üçin 1 müň orunlyk tomaşaçy münberi bolan ýörite meýdança guruldy. Onuň golaýynda türgenleşik meýdançasy bar, onda itlere baş öwretmek we tälim bermek üçin niýetlenen päsgelçilikler zolagy göz öňünde tutulan. Awtoulaglar üçin duralgalar, şol sanda itleri daşamak üçin ýöriteleşdirilen awtoulaglara niýetlenen duralgalar, tehniki we beýleki kömekçi desgalar bar.
Toplumyň wezipesi itleriň howpsuzlygyny we oňaýly saklanylmagyny üpjün etmek, onuň gaçmak ýa-da oňa şikes ýetmek mümkinçiliginiň öňüni almak, weterinar tarapyndan gözegçilik etmek we degişli kömegi bermek, zerur bolan halatynda itleri öz wagtynda naharlamak, arassa howada gezdirmek, sanitariýa-arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek işleri girýär. Soňra Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlary we Aşgabat şäheri yzygiderlilikde wideoaragatnaşyga çykyp, olarda türkmen alabaý itleriniň merkezleriniň açylyş dabaralary bolup geçdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ähli sebitlerdäki ýokary tehnologiýaly merkezleri döretmegiň taslamalaryny amala aşyrmak üçin giňden goldaw bermegi netijesinde, olar innowasion enjamlar bilen üpjün edilen. Her täze desganyň umumy meýdany 1 gektara deň bolup, şolarda sergi meýdançalary, münberler, işgärler üçin dolandyryş binalary, it ýatagynyň hojalyk binalary, 2 — 6 aýlyk güjükleri saklamak üçin ýerler, ithanalar hem-de itleri ýuwmak üçin hammamlar, weterinar hyzmaty we izolýator nokatlary ýerleşdirilen.
Bu ýerde alabaýlaryň tohumçylyk işine, olarda häsiýetli aýratynlyklary ýüze çykarmaga we berkitmäge ähli talaplar göz öňünde tutuldy, şeýle hem seçgiçileriň, itşynaslaryň, zootehnikleriň, weterinarlaryň we beýleki hünärmenleriň netijeli işlemegi üçin şertler döredildi. Merkezleriň çäklerinde awtoduralga, naharhana we beýleki desgalar göz öňünde tutuldy. Gurluşyk işleriniň barşynda ýokary ulanyş häsiýetnamalary we ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýan döwrebap gurluşyk serişdeleri ulanyldy.
Geçirilen bäsleşikleriň netijelerini jemlemegiň hem-de düzümine tejribeli we bilimli hünärmenler giren eminler toparynyň çözgüdini yglan edildi. Eminler toparynyň başlygy, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň mugallymy Saragt Babaýewe söz berildi. Ol bu ýere ýygnananlaryň adyndan ýurdumyzda itşynaslyk sungatyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler, halkymyzyň taryhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan alabaý itlerini dünýä ýaýmaga ýardam berýän ajaýyp baýramçylygyň döredilendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Soňra eminler toparynyň başlygy “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigiň hem-de türkmen alabaýynyň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde we teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň we teleoperatorlaryň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi. “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň önümçiligi guramak bölüminiň baş hünärmen-suratkeşi A.Gulberdiýewe “Türkmen alabaýy” atly haly eseri üçin; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň grafika kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby B.Baýramowa “Türkmen alabaýy” atly nakgaş eseri üçin; Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň müdiri P.Mämiýewe “Türkmen alabaýy” atly heýkel eseri üçin; Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkeziniň çapdan öňinçä işleri ýerine ýetirýän sehiniň kompýuter operatory, suratçy dizaýneri B.Mämmetgurbanowa “Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmen alabaýy” kitabynyň bezeg işleri üçin; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň önümçilik bölüminiň çeper filmleriň ýokary derejeli goýujy-kinooperatory D.Hudaýberdiýewe “Türkmen alabaýy” atly wideoşekili üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgat we şahadatnama gowşuryldy. «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» diýen derejä Döwlet serhet gullugyna degişli “Akhan” atly türkmen alabaýy mynasyp boldy. Halkara bäsleşigiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy bolan ýeňil awtoulagyň açary, ýörite medal, göçme kubok we diplom gowşuryldy.