Hoşallyk maslahaty geçirildi

05.10.2021 1719

  2021-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Hormatly Prezidentimiziň Köpetdagyň ajaýyp künjeginde dagy etekläp oturan we türkmen atşynaslarynyň ýokary derejeli ýaşaýşy üçin ähli zerur şertleri özünde jemleýän Aba Annaýew obasy, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirjek gurulmagy meýilleşdirilýän täze döwrebap 600 baş ahalteke bedewini saklamaga niýetlenen athananyň taslamalary bilen tanyşmak maksady bilen iş saparyny amala aşyrdy. Şol taryhy waka mynasybetli 2021-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkeziniň mejlisler zalynda hoşallyk maslahaty geçirildi. 

  Hoşallyk maslahatyna ýurdumyzyň dürli künjeklerinde atçylyk pudagy bilen meşgullanýan atçylar, seýisçiler we atbakarlar gatnaşyp, Gahryman Arkadagymyza  behişdi ahalteke bedewlerini köpeltmäge we olary saklamaga edýän yzygiderli kömek goldawlary üçin öz alkyşlaryny beýan etdiler. Maslahatda çykyş edenler häzirki döwürde ahalteke bedewleriniň asyl mekany bolan ýurdumyzda behişdi bedewleriň baş sanyny artdyrmak, olaryň dünýä ýüzündäki şan-şöhratynyhas-da belende götermek we tohumçylyk-seçgi işlerini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijesini berýändigini nygtap geçdiler. Tohumçylyk-seçgi işleriniň ylmy esasda ösdürilmegi bilen behişdi ahalteke bedewleriniň reňk aýratynlyklarynda täze öwüşginler emele gelýär we arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sany artýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman döwrebap atçylyk sport toplumlary we athanalary guruldy.

  Bu ilhalar başlangyçlar halkymyzyň milli buýsanjy bolan behişdi ahalteke bedewleriniň idedilmegi seçgi tohumçylyk işiniň göwnejaý alnyp barylmagy üçin Hormatly Prezidentimiz tarapyndan giň mümkinçilikler döredilýändigi aýdyň görkezýär.   

 

28.10.2023 1294
DOWAMY
29.10.2023 1501
DOWAMY
26.10.2024 275
DOWAMY
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» kitabyndan:
- ALABAÝ - BIZIŇ WATANYMYZYŇ BAÝLYGY. OL BIZIŇ ATA-BABALARYMYZYŇ DÖREDEN MILLI GYMMATLYGY. ONY GORAP SAKLAMAK, ÄHLI AJAÝYPLYGY BILEN GELJEK NESILLERIMIZE ÝETIRMEK BIZIŇ BORJUMYZDYR.