Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan halk bähbitli, döwlet ähmiýetli ynsanperwer syýasaty netijesinde gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdaýan şöhratly taryhymyzy, ata-babalarymyzyň dünýä medeniýetine goşan gymmatlyklaryny ylmy esasda düýpli öwrenmekde we şu günki hem-de geljekki nesillere ýetirmekde giň gerimli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň başlangyjy bilen 2020-nji ýylyň 1-nji maýynda «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegi we 7-nji maýynda «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň birinji mejlisiniň geçirilmegi türkmen itşynaslaryna goýulýan uly sarpadyr. Bu ugurda gysga wagtyň içinde döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumy, Änew şäherinde weterinariýa bejerişhanasy we öý haýwanlaryny saklaýan toplum gurlup ulanylmaga berildi. Merkez öý haýwanlarynyň kesellerini öz wagtynda ýüze çykarmak we bejermek boýunça täze merkez bolup, ol öňdebaryjy weterinar enjamlary bilen üpjün edilen.
Şeýle hem 2020-nji ýylyň 31-nji awgustynda Türkmen alabaý itleri assosiasiýasyny esaslandyryjylaryň geçirilen mejlisinde bu assosiasiýa halkara derejesiniň berilmegi, guramanyň binýadynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegi, onuň nobatdan daşary mejlisinde bu ugra degişli meselelere seredilmegi hem-de onuň Tertipnamasynyň we düzümine täze agzalaryň kabul edilmegi uly taryhy waka boldy.
Häzirki wagtda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Karantin merkeziniň, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde türkmen alabaý itleriniň merkezleriniň hem-de Aşgabat şäherinde Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynyň gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.
Ýurdumyzda itşynaslygy ösdürmek, bu ugurda gazanylan üstünlikleri halkara derejede giňden wagyz etmek maksady bilen, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» atly žurnaly döredildi.
Bu işler bilen bir hatarda, assosiasiýanyň işinde türkmen alabaýlarynyň meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyna ähmiýetli orun berilýär. Hususan-da, türkmen alabaýlarynyň BMG-nyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) sanawyna girizmek boýunça hem-de başga-da birnäçe iri abraýly guramalar, şol sanda bu ugurda iş alyp barýan daşary ýurt assosiasiýalary, ýuridik şahslar we dünýäniň dürli künjeklerinden hususy itşynaslar bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyklar ýola goýulýar.
Bulardan başga-da, geljekde ýurdumyzda türkmen alabaý itlerine bagyşlanan maslahatlary, sergileri, alabaý itleriniň bäsleşiklerini we beýleki halkara çäreleri yzygiderli geçirmek hem-de ylmy işleri alyp barmak meýilleşdirilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» kitabyndan:
- ALABAÝ - BIZIŇ WATANYMYZYŇ BAÝLYGY. OL BIZIŇ ATA-BABALARYMYZYŇ DÖREDEN MILLI GYMMATLYGY. ONY GORAP SAKLAMAK, ÄHLI AJAÝYPLYGY BILEN GELJEK NESILLERIMIZE ÝETIRMEK BIZIŇ BORJUMYZDYR.