Halkara Bäsleşigiň II tapgyry

26.10.2023 1517

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetiniň döwrebap binalar toplumynda her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň ikinji tapgyry guramaçylykly geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrynda emin agzalarynyň ýokary bahasyna mynasyp bolan,  Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň paýtagtymyzdaky hem-de welaýatlardaky, şeýle-de ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň «Türkmen alabaýy» merkezlerinde ösdürilip ýetişdirilen alabaýlaryň 20-si gatnaşdyryldy. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, emin agzalary alabaýlaryň daşky syn-sypatyna, meýdançada özüni alyp barşyna, eýesi tarapyndan berilýän buýruklary erkin we takyk ýerine ýetirişine, şeýle hem bellenilen ugur boýunça päsgelçiliklerden geçip bilmek ukybyna, işjeňligine baha berdiler. Şeýlelikde, jemleýji tapgyra 10 sany türkmen alabaýy seçilip alyndy. «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» diýen hormatly ady hem-de göçme kubogy almak ugrundaky jemleýji bäsleşik 29-njy oktýabrda, Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli esasy dabaralaryň guralýan ýeri bolan Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Toplumynda geçiriler.

02.12.2021 3088
DOWAMY
28.10.2023 1294
DOWAMY
27.10.2023 1321
DOWAMY
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» kitabyndan:
- ALABAÝ - BIZIŇ WATANYMYZYŇ BAÝLYGY. OL BIZIŇ ATA-BABALARYMYZYŇ DÖREDEN MILLI GYMMATLYGY. ONY GORAP SAKLAMAK, ÄHLI AJAÝYPLYGY BILEN GELJEK NESILLERIMIZE ÝETIRMEK BIZIŇ BORJUMYZDYR.