Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Mary welaýat merkezi

25.04.2021 3296

  Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy ýurdumyzda ilkinji gezek bilelikde bellenilip geçilýär. Türkmen halkynyň milli buýsanjyna öwrülen türkmen bedewlerini we alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek hem-de kämilleşdirmek, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, atşynaslyk we itşynaslyk sungatyny ösdürmekde uly möçberli işler dur muşa geçirilýär. Arassa ganly ahalteke bedewlerimiz özüniň owadanlygy, gylyk-häsiýeti we düşbüligi bilen bütin dünýä-de tanalýan bolsa, türkmen alabaýlarymyz eýesine wepalylygy, batyrlygy hem edermenligi bilen tapawutlanýar.

  Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen gurlan Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çäginde Halkara “Türkmen alabaý itleri ” assosiasiýasynyň Mary welaýat merkeziniň açylyş dabarasy boldy.Täze gurlan desganyň umumy meýdany 1 gektara deň bolup, onda sergi we gezim meýdançalary, münber, işgärler üçin dolandyryş binasy, it ýatagynyň hojalyk binasy, 2-6 aýlyk güjükleri saklamak üçin ýerler, uly itler üçin ithanalar, olary ýuwmak üçin hammam , weterinar hyzmat we izolýator nokady, awtoduralga, naharhana we beýleki desgalar göz öňünde tutulandyr. Gurluşyk işleri geçirilende ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýan döwrebap gurluşyk serişdeleri ulanylypdyr.Bu merkezde alabaýlaryň tohumçylyk işine, olarda häsiýetli aýratynlyklary ýüze çykarmaga we berkitmäge ähli talaplar göz öňünde tutulypdyr. Seçgiçileriň, itşynaslaryň, zootehnikleriň, weterinarlaryň netijeli işlemekleri üçin hemme mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr.

22.04.2022 2027
DOWAMY
23.10.2024 631
DOWAMY
25.04.2021 3285
DOWAMY
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» kitabyndan:
- ALABAÝ - BIZIŇ WATANYMYZYŇ BAÝLYGY. OL BIZIŇ ATA-BABALARYMYZYŇ DÖREDEN MILLI GYMMATLYGY. ONY GORAP SAKLAMAK, ÄHLI AJAÝYPLYGY BILEN GELJEK NESILLERIMIZE ÝETIRMEK BIZIŇ BORJUMYZDYR.