
2022-nji ýylyň 26-28-nji ýanwarynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça guralan “Türkmen topragy — dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy” atly halkara ylmy amaly maslahaty we sergisi geçirildi. Forumyň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda, milli taryhy-medeni mirasymyza, arheologik tapyndylara hem-de “tazy guýruk”, “it ýatak”, “güjük yzy” ýaly gadymy göllere bagyşlanan wideoşekiller görkezildi. Söwda-senagat edarasynyň sergiler
zalynda türkmen alabaýlaryna degişli bolan sergi ýaýbaňlandyryldy. Sergide türkmen alabaýlarynyň iň gowularyny görmek bolýar, şeýle-de türkmen alabaýlarynyň görkezme çykyşlary has-da täsirli boldy. Olar öz türgenleriniň gulluk buýruklaryny ýerine ýetirmekde ajaýyp taýýarlyklaryny görkezdiler.
Ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisi milli itşynaslygyň tejribesini ösdürmek hem-de wagyz etmek, türkmen alabaýyny terbiýelemegiň, köpeltmegiň aýratynlyklary, türkmen alabaýynyň gadymylygyny subut edýän arheologik tapyndylar, haly we haly önümleriniň nagyşlarydyr gölleri ýaly meselelere bagyşlandy. Maslahatda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, şeýle halkara çäreler itşynaslyk ulgamynda hünärmenleri jemlemek bilen çäklenmän, eýsem, medeni-ynsanperwer ulgamda ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklary özara baýlaşdyrmaga, giňeltmäge ýardam berýär. Maslahatyň dowamynda milli itşynaslyk tejribesini ösdürmek we dünýä ýaýmak, türkmen alabaý itlerini terbiýelemegiň we köpeltmegiň mili aýratynlyklary, şeýle-de türkmen halylary, türkmen alabaýlarynyň heýkelleri, türkmen haly nagyşlarynyň gadymy we orta asyr binagärlik bezeglerinde ulanylan görnüşleri, türkmen alabaýlary bilen bagly arheologik tapyndylar hem-de olaryň haly we beýleki milli el işlerindäki çeper beýany barada çykyşlar diňlenildi. Maslahatda milli taryhy-medeni mirasymyzy gorap saklamagyň we dünýäde wagyz etmegiň hormatly Prezidentimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi nygtaldy. Türkmen alabaýlarynyň seçgiçiligini ösdürmek we köpeltmek bu babatda alnyp barylýan giň gerimli işleriň möhüm ugry boldy.
Forumyň çäklerinde sanly ulgam arkaly Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň daşary ýurtdaky agzalary hem gatnaşyp, olar çykyşlarynda dünýäniň medeni gymmatlyklaryna ünsi çekildi. Çykyşlarda türkmen topragynyň gadymy siwilizasiýalaryň we dünýä ähmiýetli medeni gymmatlyklaryň ojagydygy nygtaldy. Bellenilişi ýaly, türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda adamzadyň ruhy-medeni ösüşine saldamly goşant goşup gelýär. Assosiasiýanyň daşary ýurtly agzalary, itşynaslar Arkadag Prezidentimiziň başlangyjy boýunça edara binasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmeginiň ähmiýetli waka bolandygyny nygtadylar. Çykyş edenler milli gymmatlyklarymyzy öwrenmekde şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredýän Arkadag Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Türkmen topragy — dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy» ady bilen üç gün dowam eden halkara ylmy-amaly maslahat we sergisi işini bölümçeler boýunça dowam etdi ýagny «Arheologiýa, maddy däl medeni miras we haly sungaty — umumadamzat medeniýetiniň baýlygy», «Merdana türkmen alabaýy — keremli tebigatyň ajaýyp peşgeşi», «Geçmişden janly ýadygär — merdana türkmen alabaýlary», «Haly we amaly-haşam sungatynda türkmen alabaýynyň çeper waspy», «Hormatly Prezidentimiziň eserleri milli gymmatlyklaryň ylham çeşmesidir» atly bölümçelerde dowam etdi.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň hem-de serginiň ýapylyş dabarasynda foruma gatnaşyjylara diplomlar gowşuryldy, hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edildi.