2025-nji ýylyň 8-13 nji dekabrynda Hindistan Respublikasynyň Nýu Deli şäherinde ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 20-nji mejlisi geçirildi.Mejlisiň işine ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak hakyndaky konwensiýasyna agza bolan 181 döwletiň, şeýle hem hökümete degişli däl guramalaryň wekilleri bilen bir hatarda, türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Mejlisiň dowamynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komiteti Konwensiýanyň çägindäki dürli sanawlaryna girizmek maksady bilen agza-döwletler tarapyndan hödürlenen birnäçe hödürnama seredildi. Olaryň arasynda Türkmenistan tarapyndan hödürlenen «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnama seredildi.
Şanyna şygyrlar döredilen, türkmen topragyna ýoly düşen syýahatçylaryň ählisiniň ýatlamalaryndan orun alan, ynsanpisint wepasy, dostlugy, ygrary bilen jahany haýran galdyryp gelýän, bularyň üstesine-de müňlerçe ýyl ozalky durkuny, tohum arassalygyny biziň günlerimize çenli saklap gelen türkmen alabaýyny ösdürip ýetişdirmek däpleri Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Arzyly sanawa ozal hem türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň telimsini goşan bu abraýly guramanyň hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde, has takygy, 11-nji dekabrda Türkmenistanyň «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly hödürnamasyny hem biragyzdan kabul etmegi watandaşlarymyzyň toý şatlygyna şatlyk goşdy.Goý, itşynaslarymyz we türkmen alabaýlarymyz barada bimöçber alada edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary hemişe aman bolsun, il-ýurt bähbitli, işleri hemişe rowaçlyga beslensin!
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» kitabyndan:
- ALABAÝ - BIZIŇ WATANYMYZYŇ BAÝLYGY. OL BIZIŇ ATA-BABALARYMYZYŇ DÖREDEN MILLI GYMMATLYGY. ONY GORAP SAKLAMAK, ÄHLI AJAÝYPLYGY BILEN GELJEK NESILLERIMIZE ÝETIRMEK BIZIŇ BORJUMYZDYR.