EDERMEN GORAGÇY SUNGATDA

23.10.2025 17
Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli 2025-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen türkmen alabaýlaryň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, teleoperatorlaryň arasynda yglan edilen bäsleşige hödürlenen döredijilik işleriniň sergisi açyldy. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, sungaty öwrenijiler gatnaşdylar. Hüşgärligi, çydamlylygy, wepalylygy, duýgurlygy, bilen tapawutlanýan türkmen alabaýlary bu gün milli gymmatlygymyz derejesinde sarpalanýar. Türkmen halkynyň dünýä gymmatlyklaryna goşan milli medeni mirasyna bolan sarpa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe barha artýar. Şeýle ajaýyp milli gymmatlyklaryň hatarynda türkmen alabaýynyň orny aýratyndyr. Gahryman Arkadagymyz bu barada «Türkmen alabaýy» atly kitabynda: «Türkmen alabaýynyň wepaly, batyr durky ruhy hem-de beden sagdynlygyny bize nusga edýän gözellikdir. Alabaýyň wepalylygy, batyrlygy aýdyp-diýdirilmeýän terbiýe, görüm-görelde bilen nesilden-nesle geçýän tälimdir» diýip ýazýar. Türkmen alabaýlarynyň arasynda geçirilýän bäsleşikler bolsa olaryň aýratynlyklaryny açyp görkezmäge mümkinçilik berýär. Wepadarlygy bilen ynsanlaryň hemişelik hemrasyna öwrülen türkmen alabaýynyň hormatyna ýurdumyzda bellenilýän şanly sene mynasybetli geçirilýän bäsleşige hödürlenen işler çeperçiligi, nepisligi bilen biri-birinden tapawutlanýar. Halylarda häzirki wagtda haly gölleri bilen bilelikde türkmen alabaýynyň keşbiniň sazlaşykly dokalmagy, alabaýlaryň türkmen durmuşynda uly orun eýeleýändigini suratlandyrýar. Sergi eserlerinden görnüşi ýaly, awtorlar milli gymmatlygymyz bolan türkmen alabaýlarynyň dürli görnüşdäki pursatlaryny öz işlerine sünnäläp siňdirmegi başarypdyrlar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçirilen amaly haşam döredijilik işgärleriniň ýeňijileri 26-njy oktýabrda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek dabarada yglan ediler, ýeňijilere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar. Milli baýlygymyz bolan türkmen alabaýlarymyzy sarpalaýan, olaryň wepadarlygyny, gaýduwsyzlygyny, hüşgärligini sungat eserlerinde beýan etmäge ähli şertleri, mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başy aman bolsun!
26.01.2022 2170
CONTINUE
25.04.2021 3387
CONTINUE
25.10.2024 1013
CONTINUE
From the book "Turkmen Alabay" by Hero Arkadag:
- ALABAY - THE TREASURE OF OUR COUNTRY. IT IS THE NATIONAL VALUE OF OUR ANCIENTS. IT IS OUR RESPONSIBILITY TO PROTECT IT, TO PASS IT TO OUR GENERATIONS WITH ALL OF ITS WONDERFULNESS.