ASSOSIASIÝANYŇ NOBATDAKY MEJLISI

26.10.2024 286

2024-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň IV mejlisi geçirildi. Bellenilişi ýaly, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezinde geçirilen mejlise ugurdaş düzümleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, assosiasiýanyň agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, sanly ulgam arkaly daşary ýurtly itşynaslar gatnaşdylar. Mejlis başlamazyndan ozal, ýygnananlar amaly-haşam sungatynyň we fotosuratlaryň, halk senetçiliginiň, şekillendiriş sungatynyň, neşir önümleriniň, halyçylyk we heýkeltaraşlyk eserleriniň sergisini synladylar. Olarda türkmen alabaýynyň keşbi öz beýanyny tapýar. Soňra merkeziň mejlisler jaýynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň IV mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine birleşigiň işine degişli meseleler girizildi. Şeýle hem Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasyna täze kabul edilen agzalara degişli şahadatnamalar, ýurduň öňdebaryjy itşynaslaryna «Türkmenistanyňat gazanan itşynasy» hormatly atlar dakylyp döwlet sylaglary gowşuryldy. Mundan başga-da, mejlise gatnaşyjylar geljek üçin möhüm wezipeleri maslahatlaşyp, degişli çözgütleri kabul etdiler.

 Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzasy, Ulugdepede iş alyp barýan Türkmen-fransuz arheologik ekspedisiýasynyň ýolbaşçysy Julio Bendezu Sarmiento hem mejlisde çykyş etdi. Şeýle-de assosiasiýanyň agzalary — Türkiýe Respublikasynyň Artwin Çoruh uniwersitetiniň professory Murat Kibar hem-de Hytaý — Türkmenistan medeniýet merkeziniň ýolbaşçysy, hususy itşynas An Jin Long sanly ulgam arkaly çykyş etdiler. Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň çykyşlarynda dünýäniň medeni gymmatlyklaryna üns çekildi. Şunda türkmen topragynyň gadymy siwilizasiýalaryň we dünýä ähmiýetli medeni gymmatlyklaryň ojagydygy nygtaldy. Çykyş edenler Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň işine geljekde-de işjeň gatnaşmaga we türkmen alabaýlarynyň şöhratyny dünýä ýaýmaga, türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

 Assosiasiýanyň düzümine kabul edilen daşary ýurtly itşynaslar — Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyndan Mariýa Haýrullina we Ýekaterina Salimgaraýewa sanly ulgam arkaly Türkmen alabaýynyň baýramy bilen hemmeleri gutlap, uly ynam üçin hoşallyk bildirdiler.

25.04.2021 2570
CONTINUE
25.04.2021 2858
CONTINUE
05.10.2021 1721
CONTINUE
From the book "Turkmen Alabay" by Hero Arkadag:
- ALABAY - THE TREASURE OF OUR COUNTRY. IT IS THE NATIONAL VALUE OF OUR ANCIENTS. IT IS OUR RESPONSIBILITY TO PROTECT IT, TO PASS IT TO OUR GENERATIONS WITH ALL OF ITS WONDERFULNESS.