«ITÇILIK WE KINOLOGIÝA IŞI HAKYNDA» TÜRKMENISTANYŇ KANUNY KABUL EDILDI

27.07.2022 2076

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan halk bähbitli, döwlet ähmiýetli ynsanperwer syýasaty netijesinde türkmen alabaýlarymyzy we tazylarymyzy ylmy esasda düýpli öwrenmekde we şu günki hem-de geljekki nesillerimize ýetirmekde giň gerimli işler alnyp barylýar. 

    Şonuň netijesinde 2022-nji ýylyň 26-njy iýulynda «Itçilik we kinologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň bitewi kanuny kabul edildi. Bu bolsa ýurdumyzda milli gymmatlyklarymyzyň biri bolan türkmen alabaýlarymyza we tazylarymyza goýulýan sarpanyň has-da belende galmagyna uly itergi berýär. Türkmen alabaýlarymyz we tazylarymyz baý medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegidir. Olary gorap saklamak we geljekki nesillere ýetirmek ýaly pederlerimiziň asylly däpleri häzirki döwürde-de dowam etdirilýär.    

     «Itçilik we kinologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň kanunynda türkmen alabaýlaryny we tazylaryny gorap saklamagyň, olara baş öwretmegiň, kinologlary taýýarlamagyň umuman ähli taraplaýyn döwlet tarapyndan goldamagyň şertleri hakynda kanunda jikme-jik durlup geçilýär. Şu kanun itçiligi we kinologiýa işini ösdürmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de tohum itleriň genofonduny gorap saklamaga gönükdirilendir, şeýle hem itler köpeldilen, ösdürilip ýetişdirilen we ulanylan mahalynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Kanun 9 bapdan, 42 maddadan ybarat bolup bu kanun itçilik we kinologiýa işi bilen meşgullanýanlara ulu gollanma boljakdygy şübhesizdir.

    Hormatly Prezidentimiziň milli baýlyklarymyzy gorap saklamakda we dünýä ýaýmakda durmuşa geçirýän beýik işleri, taryhy özgertmeleri, kabul edilen kanunymyz geljekki nesiller üçin nusgalyk mekdepdir. 

    Ýurdumyzda milli itşynaslygymyzy ösdürmekde, ylmy taýdan öwrenmekde, olaryň dünýädäki şan-şöhratyny has-da artdyrmak ugrunda döredip berýän ähli şertleri we mümkinçilikleri üçin ýurdumyzyň itşynaslarynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalarynyň adyndan Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdyp janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

 

29.10.2023 1505
CONTINUE
21.04.2021 2434
CONTINUE
27.10.2023 1274
CONTINUE
From the book "Turkmen Alabay" by Hero Arkadag:
- ALABAY - THE TREASURE OF OUR COUNTRY. IT IS THE NATIONAL VALUE OF OUR ANCIENTS. IT IS OUR RESPONSIBILITY TO PROTECT IT, TO PASS IT TO OUR GENERATIONS WITH ALL OF ITS WONDERFULNESS.