![](https://alabay.com.tm/storage/upload/yaJof0bb7n4fVpLEz86NoSpbdTI5XW54XtFnQHYQ.jpg)
2022-nji 26-njy ýanwarynda günüň ikinji ýarymynda Halkara forumyň II bölümi ýagny «Merdana türkmen alabaýy— keremli tebigatyň ajaýyp peşgeşi» ady bilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezi edarasynda geçirildi. Bu ýerde güýç-kuwwatyň, hoşmeýilli ruhy güýjüň, ýeňşe bolan çäksiz erkiň nyşany bolan türkmen alabaýynyň wepalylygyna we edermenligine bagyşlanan çykyşlar diňlenildi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, edermen türkmen alabaýy Watanymyzyň düýpli özgertmeler we ösüş ýolunyň belent sepgitlerine ýetmekde döredijilik kuwwatynyň janly keşbine öwrüldi.
Maslahatda çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly Döwlet Baştutanymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitaby halkymyzyň durmuşynda we ykbalynda alabaýyň eýeleýän ähmiýetli orny barada gürrüň berýär. Kitap okyjylara alabaý bilen gatnaşyklara has çuňňur düşünmäge, itleriň bu tohumyny terbiýelemegiň we ideg etmegiň aýratynlyklary bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Bu ajaýyp eser türkmen alabaý tohumynyň gelip çykyşy we kemala gelşi baradaky taryhy, arhiw maglumatlaryny, köpýyllyk ylmy-barlag işleriniň maglumatlaryny özünde jemleýär.
Bölümçede Arkadag Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitabynyň taryhy etnografik taýdan gymmaty, onuň dünýäniň köp dillerine terjime edilmeginiň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi. Türkmen alabaýy bilen baglanyşykly filosofik pikirler hem maslahata gatnaşanlaryň ünsüni özüne çekdi. Ynsanyň çagalyk dosty, ynamdar syrdaşy, wepadarlygyň nusgasy hasaplanýan türkmen alabaýynyň arheologik tapyndylardaky yzlary, şekillendiriş sungatyndaky keşbi, tohum itleriniň kemala gelmeginiň tebigy şertleri baradaky gürrüňler has-da täsirli boldy.
Çykyşlarda halkymyzyň adamzat siwilizasiýasynyň ösüşine uly goşant goşup, dünýä medeniýetiniň genji hazynasyna öwrülen nepis türkmen halysy, ýelden ýyndam ahalteke bedewleri baradaky çykyşlarada giň orun berildi.
Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde geçirilen arheologik barlaglaryň netijesinde taryhçylaryň türkmen alabaýlarynyň galdyran yzlaryny, şeýle hem onuň gadymy haly göllerindäki şekillerini ýüze çykarandyklary bellenildi. Şunuň bilen baglylykda Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasynyň has düýpli öwrenilmegine we goralyp saklanylmagyna hem-de ýaş nesle geçirilmegine ýardam berýän ylmy barlaglaryň yzygiderli dowam etdirilmeginiň möhümdigini nygtalyp, ene-mamalarymyzyň dokan nepis haly göllerinde türkmen durmuşynyň ähli ugurlarynyň beýan edilýändigi bellenildi. Milli nagyşlaryň we gölleriň her birinde ata-babalarymyzyň pähimleri, toplan bilim-düşünjeleri jemlenendir, şoňa görä-de biz olara hem-de umuman, tutuş taryhymyza sarpa goýmak bilen, özümize galdyrylan gymmatly mirasy geljekki nesillere ýetirmelidiris diýlip çykyşlarda beýan edildi.
Ýurdumyzda milli itşynaslygymyzy ösdürmekde, türkmen alabaýlarynyň taryhy yzlaryny mirasşynaslyk ylmy tarapdan öwrenilmegi ugrunda döredip berýän ähli şertleri we mümkinçilikleri üçin maslahata gatnaşyjylar Arkadag Prezidentimize çäksiz alkyşlaryny aýtdylar!
Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, başynyň dik bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler!