Asyrlaryň dowamynda türkmen topragynda ösdürilip, kemala getirilen we umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna öwrülen türkmen alabaýlary özleriniň aýratynlyklary boýunça dünýäde giňden tanalýar hem-de tohum itleriň arasynda iň gadymylarynyň we naýbaşylarynyň biri hasaplanylýar. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramçylygy mynasybetli türkmen alabaýlarynyň arasynda halkara bäsleşikler, tapgyrlaýyn esasda geçirilýär. Oktýabr aýynyň 22-ne Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetinde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrynda emin agzalarynyň ýokary bahasyna mynasyp bolan, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň paýtagtymyzdaky hem-de welaýatlardaky, şeýle-de ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň «Türkmen alabaýy» merkezlerinde ösdürilip ýetişdirilen alabaýlaryň 20-si gatnaşdyryldy.
Halkara bäsleşige badalga berilmezden ozal, oňa gatnaşýan türkmen alabaýlary gözden geçirilip, weterinar lukmanlar tarapyndan saglyk ýagdaýlary barlanyp, olara kepilnamalar hem-de ýörite san belgileri berildi. Şol belgiler bilen hem türkmen alabaýlary bäsleşik meýdançasyna çykdylar. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, türkmen alabaýlary tomaşaçylaryň öňünden geçip, öňde duran dürli päsgelçiliklerden — geçmekleri boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler. Eminleriň gelen gutarnykly netijeleri halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda çykyş etjek türkmen alabaýlaryň 10 sanysy saýlanyp alyndy.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» kitabyndan:
- ALABAÝ - BIZIŇ WATANYMYZYŇ BAÝLYGY. OL BIZIŇ ATA-BABALARYMYZYŇ DÖREDEN MILLI GYMMATLYGY. ONY GORAP SAKLAMAK, ÄHLI AJAÝYPLYGY BILEN GELJEK NESILLERIMIZE ÝETIRMEK BIZIŇ BORJUMYZDYR.