Tatarystanda Akdost resmi bellige alyndy

24.02.2025 651
2021-nji ýylda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa «Akdost» lakamly türkmen alabaýy sowgat berildi. Häzirki wagta çenli Rustam Minnihanow yzygiderli sosial ulgamynda tükmen alabaýynyň suratlaryny janköýerleri bilen paýlaşýar. Bu gün hem Tatarystanyň ýolbaşçysy öz Telegram kanalynda «Akdost» lakamly türkmen alabaýyny resmi taýdan hasaba alnandygyny türkmen alabaýynyň janköýerleri bilen paýlaşdy. Tatarystan Respublikasynda öý haýwanyny bellige almak 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Tatarystanda itleri hökmany hasaba almagyň girizilmegi bilen baglanyşyklykda amala aşyrylýar. Bu bolsa respublikanyň ýolbaşçylygynyň öý haýwanlaryna jogapkärli garaýyşynyň şahsy mysaly bolup durýar.
25.04.2021 2992
DOWAMY
08.03.2025 681
DOWAMY
21.04.2021 2887
DOWAMY
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» kitabyndan:
- ALABAÝ - BIZIŇ WATANYMYZYŇ BAÝLYGY. OL BIZIŇ ATA-BABALARYMYZYŇ DÖREDEN MILLI GYMMATLYGY. ONY GORAP SAKLAMAK, ÄHLI AJAÝYPLYGY BILEN GELJEK NESILLERIMIZE ÝETIRMEK BIZIŇ BORJUMYZDYR.