DABARALY TOÝUŇ JEMLEÝJI GÜNI

25.10.2026 10
Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli giň gerimli esasy dabaralar Aşgabat atçylyk sport toplumynda geçirildi. Bu ýerde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň hem-de alabaýlaryň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlendi. Dabara Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalary, itşynaslar, ugurdaş edaralaryň hünärmenleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip, biziň günlerimize ýetiren itşynaslyk sungaty dünýä medeniýetiniň aýrylmaz we naýbaşy bölegi hökmünde ykrar edildi. Geçen ýylyň dekabr aýynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde geçirilen mejlisinde Türkmenistan tarapyndan hödürlenen «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly hödürnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň, özboluşly medeni gymmatlyklarynyň halkara giňişlikde ykrar edilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy.Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň we türkmen alabaýyna bagyşlanan döredijilik gözden geçirilişiniň jeminiň jemlenilmegi ynsanyň wepaly dostlarynyň şanyna geçirilen baýramçylyk dabaralarynyň ýatda galyjy wakalarynyň biri boldy. Synlaýyş meýdançasyna bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýurdumyzyň dürli sebitlerinden saýlanyp alnan iň gowy alabaýlaryň 10-ysy çykaryldy. Bäsleşige gatnaşdyrylýan alabaýlar tomaşaçylara eýeleriniň öwreden endiklerini görkezdiler. Alabaýlaryň köp sanly janköýerleri olaryň ajaýyp daş keşbi bilen birlikde, bäsleşigiň dowamynda görkezen başarjaňlygyna baha berdiler. Kinologyň ussatlygy alabaýy päsgelçiliklerden geçmäge gönükdirmekde jemlenýär. Şol päsgelçiliklerden geçilende tizlik we takyklyk göz öňünde tutulýar. Bäsleşigiň netijelerini jemlemek hem-de eminler toparynyň çözgüdini yglan etmek üçin eminler toparynyň başlygy, Türkmenistanyň Gahrymany S.Babaýewe söz berilýär. Ol bu ýere ýygnananlaryň adyndan ýurdumyzda itşynaslyk sungatyny ösdürmekde, halkymyzyň taryhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan alabaýlary dünýä ýaýmakda durmuşa geçirýän ägirt uly işleri üçin hormatly Prezidentimize we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şunlukda, «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» adyna Aşgabat şäherinden hususy itşynas A.Bakeýewiň Akgaýa atly türkmen alabaýy mynasyp boldy. Halkara bäsleşigiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragy — «Toyota Camry» kysymly ýeňil awtoulagyň açary gowşuryldy hem-de ol ýörite medal, göçme kubok, diplom bilen sylaglanyldy. Hususy itşynas A.Bakeýew gymmat bahaly sowgat we alabaýlaryň tohum arassalygyny gorap saklamak babatda döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. Dabaranyň dowamynda türkmen alabaýynyň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň hem-de teleoperatorlaryň arasyndaky döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan degişli şahadatnamalar we baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.
25.04.2021 5661
ПРОДОЛЖАТЬ
29.10.2022 3788
ПРОДОЛЖАТЬ
23.10.2024 2767
ПРОДОЛЖАТЬ
Из книги Героя Аркадага «Туркменский алабай»:
- АЛАБАЙ - СОКРОВИЩА НАШЕЙ СТРАНЫ. ЭТО НАЦИОНАЛЬНАЯ ЦЕННОСТЬ НАШИХ ПРЕДКОВ. ЭТО НАША ОТВЕТСТВЕННОСТЬ ЗАЩИТИТЬ ЕЕ, ПЕРЕДАТЬ НАШИМ ПОТОМКАМ СО ВСЕМИ ЧУДЕСАМИ.