HALKARA ASSOSIASIÝANYŇ VI MEJLISI

24.10.2026 10
24-nji oktýabrda Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň VI mejlisi geçirildi. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezinde geçirilen bu forum türkmen halkynyň milli baýlygy bolan meşhur alabaýlaryň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmaga gönükdirilen möhüm wakadyr. Mejlise ugurdaş düzümleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, assosiasiýanyň agzalary we daşary ýurtly itşynaslar gatnaşdylar. Mejlise gatnaşyjylar, ilki bilen, türkmen alabaý itleriniň edermenligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, haly önümlerinde, fotosuratlarda çeper beýan etmek boýunça döredijilik eserleriniň sergisini synladylar. Mejlisde Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň alyp barýan işlerine garaldy. Bellenilişi ýaly, Garaşsyz ýurtda gözbaşy gadymy döwürlerden gaýdýan milli itşynaslyk sungatyny ösdürmek üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär. Ýurduň sebitlerinde we Aşgabat şäherinde türkmen alabaýlarynyň dünýä ölçeglerine laýyk gelýän merkezleriniň gurulmagy bilen, itşynaslar üçin döwrüň talaplaryna laýyk iş alyp barmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Mejlise gatnaşyjylar Türkmenistanyň milli we umumadamzat gymmatlyklaryny goramaga, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk esasynda dünýä ýurtlarynyňdyr halklarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ygrarlydygyny bellediler. Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalarynyň sanynyň yzygiderli artmagy, şol sanda onuň düzümine daşary ýurtly kinologlaryň hem kabul edilmegi türkmen alabaýynyň dünýä derejesinde wepalylygyň, dostlugyň nyşanyna öwrülýändigine şaýatlyk edýär. Mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar milli itşynaslyk ýörelgelerini halkyň baý medeni mirasynyň bir bölegi hökmünde gorap saklamak baradaky aladalary hem-de berýän ünsi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Şeýle hem olar Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň alyp barýan giň gerimli işlerini mundan beýläk-de ilerletmekde bilimlerini we başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
27.07.2022 4568
ПРОДОЛЖАТЬ
26.01.2022 4926
ПРОДОЛЖАТЬ
27.10.2024 2701
ПРОДОЛЖАТЬ
Из книги Героя Аркадага «Туркменский алабай»:
- АЛАБАЙ - СОКРОВИЩА НАШЕЙ СТРАНЫ. ЭТО НАЦИОНАЛЬНАЯ ЦЕННОСТЬ НАШИХ ПРЕДКОВ. ЭТО НАША ОТВЕТСТВЕННОСТЬ ЗАЩИТИТЬ ЕЕ, ПЕРЕДАТЬ НАШИМ ПОТОМКАМ СО ВСЕМИ ЧУДЕСАМИ.