TÜRKMEN ALABAÝY – MILLI BUÝSANJYMYZ

21.10.2026 3
Şanly baýramçylyk mynasybetli 2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň 21-ne Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetinde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň birinji tapgyrynda saýlanan alabaýlaryň 20-si duýgurlygy, düşbüligi, daşky görnüşi, hüşgärligi şeýle hem bellenen päsgelçiliklerden geçmekleri bilen bäsdeşdiler. Asyrlaryň dowamynda türkmen topragynda ösdürilip, kemala getirilen we umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna öwrülen türkmen alabaýlary özleriniň aýratynlyklary boýunça dünýäde giňden tanalýar hem-de tohum itleriň arasynda iň gadymylarynyň we naýbaşylarynyň biri hasaplanylýar.Ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramçylygy mynasybetli türkmen alabaýlarynyň arasynda halkara bäsleşikler, tapgyrlaýyn esasda geçirilýär.Halkara bäsleşige badalga berilmezden ozal, oňa gatnaşýan türkmen alabaýlary weterinar lukmanlar tarapyndan gözden geçirilip, saglyk ýagdaýlary barlanyp, olara kepilnamalar hem-de ýörite san belgileri berildi. Şol belgiler bilen hem türkmen alabaýlary bäsleşik meýdançasyna ýeke ýekeden öz başarnyklaryny görkezmäge çykdylar. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, türkmen alabaýlary tomaşaçylaryň öňünden geçip, öňde duran dürli päsgelçiliklerden — geçmekleri boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler. Eminleriň gelen gutarnykly netijeleri halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda çykyş etjek türkmen alabaýlaryň 10 sanysy belli bolar. Bäsleşige Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň welaýat merkezlerinden hem-de Aşgabat şäherinden, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryndan şeýle-de hususy itşynaslar tarapyndan ýetişdirilen türkmen alabaýlary gatnaşdylar. Eminleriň gelen gutarnykly netijeleri halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda çykyş etjek türkmen alabaýlaryň 10 sanysy saýlanyp alyndy.
26.10.2022 3973
ПРОДОЛЖАТЬ
26.01.2022 4927
ПРОДОЛЖАТЬ
24.02.2025 2981
ПРОДОЛЖАТЬ
Из книги Героя Аркадага «Туркменский алабай»:
- АЛАБАЙ - СОКРОВИЩА НАШЕЙ СТРАНЫ. ЭТО НАЦИОНАЛЬНАЯ ЦЕННОСТЬ НАШИХ ПРЕДКОВ. ЭТО НАША ОТВЕТСТВЕННОСТЬ ЗАЩИТИТЬ ЕЕ, ПЕРЕДАТЬ НАШИМ ПОТОМКАМ СО ВСЕМИ ЧУДЕСАМИ.