TÜRKMEN ALABAÝYNA WE TAZYSYNA BAGYŞLANAN YLMY MASLAHAT

24.10.2025 38
2025-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Türkmen alabaýynyň we tazysynyň ýetişdirilmegi, taryhy, medeniýeti we sungaty» atly V halkara ylmy maslahat geçirildi. Ylmy maslahata gatnaşyjylar, ilki bilen, uniwersitetiň medeniýet merkezinde guralan türkmen alabaýlaryň kinologiýa, itleri ösdürip ýetişdirmegiň dürli meselelerine bagyşlanan okuw kitaplarynyň, şol sanda weterinariýa boýunça edebiýatlaryň, alabaýlary wasp edýän şekillendiriş sungaty eserleriniň sergisini synladylar. Maslahatda Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynyň, Agrar partiýasynyň, Ylymlar akademiýasynyň, Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň we «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» žurnalynyň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary çykyş etdiler. Oňa Türkmenistanyň ussat itşynaslary, kinologlary, döwrebap itçilik merkezleriniň hünärmenleri hem-de Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kinologiýa taýýarlyk ugrunda bilim alýan talyp ýaşlar işjeň gatnaşdylar. Syraty, edermenligi, wepalylygy bilen dünýä ýüzüni haýrana goýýan alabaýlarymyz hakynda Gahryman Arkadagymyz «Türkmen alabaýy» atly kitabynda şeýle diýýär: «Alabaý biziň Watanymyzyň baýlygy. Ol biziň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygy. Ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljekki nesillerimize ýetirmek biziň borjumyz» diýip nygtap geçýär. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň işleri üstünlikli alyp barmagy arkaly halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň biri bolan türkmen alabaýlarynyň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olary gorap saklamak we köpeltmek, tohumçylyk işini alyp barmak hem-de bu ugurda geçirilýän işleri halkara derejesinde ösdürmek boýunça häzirki döwürde ýurdumyzda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Çykyşlarda Türkmen alabaýlarynyň iň gadymy tohumlarynyň biri bolandygyny ýurdumyzyň Altyndepe, Goňurdepe, Nusaý ýaly meşhur taryhy-medeni ýadygärliklerinde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň barşynda ýüze çykarylan köp sanly arheologik tapyndylar hem tassyklaýar. Maslahatyň ahyrynda netijeli işlemäge döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýene bir gezek hoşallyk bildirilip, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli tagallalaryň gaýgyrylmajakdygyna ynandyryldy hem-de türkmen alabaýlarynyň dünýädäki şöhratyny artdyrmak babatda alnyp barylýan işlerde uly üstünlikleriň gazanylmagyny arzuw etdiler.
02.12.2021 3924
ПРОДОЛЖАТЬ
22.10.2025 57
ПРОДОЛЖАТЬ
28.10.2022 1887
ПРОДОЛЖАТЬ
Из книги Героя Аркадага «Туркменский алабай»:
- АЛАБАЙ - СОКРОВИЩА НАШЕЙ СТРАНЫ. ЭТО НАЦИОНАЛЬНАЯ ЦЕННОСТЬ НАШИХ ПРЕДКОВ. ЭТО НАША ОТВЕТСТВЕННОСТЬ ЗАЩИТИТЬ ЕЕ, ПЕРЕДАТЬ НАШИМ ПОТОМКАМ СО ВСЕМИ ЧУДЕСАМИ.