Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisi geçirildi

22.04.2022 1657

2022-nji ýylyň 20-nji aprelimde «Oguzkent» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Serdar  Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisi geçirildi. Däp bolşy ýaly, her ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öň ýanynda geçirilýän bu forum  ahalteke bedewlerini köpeltmek bilen iş salyşýan dünýä döwletleriniň atşynaslary üçin netijeli hyzmatdaşlygyň açyk meýdançasy bolup, türkmen halkynyň bahasyz gymmatlygy hem-de buýsanjy hasaplanylýan behişdi bedewleriň dünýädäki şöhratyny artdyrmaga ýardam berýär. Türkmenistanda — meşhur ahalteke bedewleriniň watanynda milli atçylyk sungatyny gorap saklamak, öwrenmek we ösdürmek, häzirki döwürde onuň gözbaşy müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän baý däplerini wagyz etmek, atçylyk sportuny höweslendirmek, gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bu ulgamda netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça giň gerimli işler geçirilýär.Türkmen seýisleri asyrlaryň dowamynda atlaryň tohum arassalygyny we ajaýyp häsiýetlerini saklap gelipdirler. Ahalteke bedewleriniň  deňsiz-taýsyz gözelligi, syrdamlygy hem-de ýyndamlygy, asyllylygy atşynaslaryň we halk seçgiçileriniň ussatlygynyň ýokary derejesiniň aýdyň güwäsidir. Ähli döwürlerde-de behişdi bedewler halkymyzyň wepaly dosty, syrdaşy, döredijilik ylhamynyň çeşmesi boldy. Häzir olar gülläp ösýän, okgunly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň özboluşly nyşanydyr. 

 Foruma pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary, atşynaslar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we daşary ýurtly žurnalistler gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilenine şu ýyl on iki ýyl dolýar. Häzirki döwürde bu abraýly halkara guramanyň ýurdumyzdan we dünýäniň ençeme döwletinden köp sanly agzasy bar. Şolaryň alyp barýan işleriniň netijesinde ahalteke bedewleriniň we olaryň muşdaklarynyň sany ýylsaýyn artýar. 

  Soňra assosiasiýanyň mejlisinde sanly ulgam arkaly Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň daşary ýurtdaky agzalary çykyş etdiler.

Olar ahalteke atlarynyň tohum aýratynlygyny gorap saklamakda we ýaýratmakda Türkmenistanyň berýän goldawyna ýokary baha berýärler. Döwlet Baştutanynyň tagallalary bilen bu gadymy tohum atynyň baş sanynyň köpeldiljekdigine, at-abraýynyň has-da beýgeljekdigine pudagyň wekilleri berk ynanýarlar. Ähli çykyş eden wekiller çykyşlarynyň ahyrynda hormatly Prezidentimize Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli gutladylar hem-de berk jan saglyk we ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdiler.

  Soňra döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine laýyklykda, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurdumyzyň atşynaslaryna hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň daşary ýurtly agzalaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda  Permana gol çekdi.

  Hormatly Prezidentimiz mejlisi dowam edip, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna türkmen we daşary ýurtly täze agzalary kabul etmek baradaky çözgütleri tassyklamak hakynda hem-de geljek ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky XIII mejlisini geçirmek hakynda Kararlara gol çekdi.  

  Mejlisiň barşynda başga-da, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň beýleki guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

 

27.10.2022 1564
ПРОДОЛЖАТЬ
25.04.2021 2782
ПРОДОЛЖАТЬ
05.04.2021 2525
ПРОДОЛЖАТЬ
Из книги Героя Аркадага «Туркменский алабай»:
- АЛАБАЙ - СОКРОВИЩА НАШЕЙ СТРАНЫ. ЭТО НАЦИОНАЛЬНАЯ ЦЕННОСТЬ НАШИХ ПРЕДКОВ. ЭТО НАША ОТВЕТСТВЕННОСТЬ ЗАЩИТИТЬ ЕЕ, ПЕРЕДАТЬ НАШИМ ПОТОМКАМ СО ВСЕМИ ЧУДЕСАМИ.