Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň merkezinde «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnamanyň gowşurylyş dabarasy boldy. Şanly waka mynasybetli guralan dabara gatnaşyjylar, ilki bilen, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkeziniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Onda halkymyzyň milli gymmatlyklaryna, wepaly alabaýlaryň taryhyna degişli maglumatlara, Gahryman Arkadagymyzyňwe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplaryna möhüm orun berlipdir. Bu ýerde guralan dabara Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň alyp barýan işleri, alabaýlaryň tohum arassalygyny saklamaga we kämilleşdirmäge gönükdirilen döwlet syýasaty barada giňişleýin maglumat berýän çykyşlardan başlandy.Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynyň ähmiýetini aýratyn bellediler. Bu kitap diňe bir itşynaslar üçin gymmatly gollanma bolmak bilen çäklenmän, alabaýlaryň gelip çykyşy,taryhy-medeni ähmiýeti, türkmen halkynyň durmuşynda eýeleýän orny barada giňişleýin maglumat berýän düýpli ylmy çeşmedir. Onda taryhy we edebi maglumatlar, arheologik barlaglaryň netijeleri beýan edilýär. Dabarada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rustemowanyň çykyşlaryna şeýle-de giň orun berildi. Çäräniň dowamynda «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnamanyň gowşurylmagy merkezde geçirilen çäräniň derejesini we ähmiýetini belende göterdi.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» kitabyndan:
- ALABAÝ - BIZIŇ WATANYMYZYŇ BAÝLYGY. OL BIZIŇ ATA-BABALARYMYZYŇ DÖREDEN MILLI GYMMATLYGY. ONY GORAP SAKLAMAK, ÄHLI AJAÝYPLYGY BILEN GELJEK NESILLERIMIZE ÝETIRMEK BIZIŇ BORJUMYZDYR.