HALKARA «TÜRKMEN ALABAÝ ITLERI ASSOSIASIÝASYNYŇ» III MEJLISI GEÇIRILDI

27.10.2023 1275

Her  ýylyň   oktýabr    aýynyň  soňky ýekşenbesinde giňden  bellenilýän  Türkmen   alabaýynyň   baýramyna  bagyşlanyp, 2023-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Halkara  «Türkmen  alabaý  itleri»  assosiasiýasynyň   üçünji mejlisi   geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän işleriň netijesinde öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli itşynaslyk däbimiz täze ösüşe we uly şöhrata eýe boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli itşynaslyk sungatymyzyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Özüniň mertligi, hüşgärligi, wepalylygy, düşbüligi bilen halkymyzyň ýakyn dostuna öwrülip, milli miraslarymyzyň hatarynda mynasyp orun alan türkmen alabaýlarymyzyň şöhraty bu günki gün bütin dünýä ýaň salýar. Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezinde geçirilen III mejlise Hökümet agzalary, ugurdaş düzümleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, assosiasiýanyň agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de sanly ulgam arkaly daşary ýurtly itşynaslar gatnaşdylar. Forum başlamazyndan  ozal, ýygnananlar bu ýerde ýaýbaňlandyrylan şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, neşir önümleriniň, fotosuratlaryň, halyçylyk we heýkeltaraşlyk eserleriniň sergisini synladylar. Soňra  III mejlisiň gün tertibine  birleşigiň işiniň guramaçylygyna bagyşlanan  meseleler  girizildi. Şeýle hem onuň düzümine  täze agzalaryň kabul ediljekdigi, ýurdumyzyň öňdebaryjy kinologlaryna döwlet sylaglarynyň gowşuryljakdygy, geljek üçin möhüm wezipeleriň maslahatlaşylyp, degişli çözgütleriň kabul ediljekdigi mälim edildi. Şöhratly pederlerimiz  tarapyndan ösdürilip kemala getirilen alabaýlar bütin dünýäde bellidir. Taryhyň  edebi çeşmelerinde we halk rowaýatlarynda alabaýlaryň wepalylygy, gaýduwsyzlygy, islendik çylşyrymly ýagdaýda eýesini halas etmek üçin öz  janyny pida etmäge taýýardygy barada aýdylýar. Mejlise gatnaşyjylar  häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda baý milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolan alabaýlary ösdürip  ýetişdirmek,  kemala getirmek  we  köpeltmek babatda köpasyrlyk däpleri wagyz etmek, hemmetaraplaýyn öwrenmek, gorap saklamak boýunça işleriň yzygiderli alnyp barylýandygyny bellediler. Soňra  mejlisde Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzasy, Fransiýa  Respublikasynyň Milli ylmy-barlag merkeziniň hünärmeni, arheolog Julio Bendezu Sarmientonyň çykyşy diňlenildi. Alym-arheolog mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň baý  medeni mirasyny aýawly saklamaga berýän ünsi we aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, gatnaşyjylaryň ählisini Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gutlady. Fransuz  alymy ýörite suratly şekiller arkaly itşynaslyk sungatynyň taryhy we ösüşi barada giňişleýin durup geçdi. Ol Türkmenistanyň çäklerinde geçirilen arheologik gözlegleriň maglumatlaryna salgylanyp,  alabaýyň gadymy görnüşleriň biridigini we oňa türkmenleriň irki döwürlerde hem aýratyn hormat bilen garandyklaryny tassyklady.  Çykyş edenleriň  nygtaýyşlary ýaly, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýanyň agzalarynyň sanynyň gysga wagtda artmagy, şol sanda onuň düzümine daşary ýurtly kinologlaryň kabul edilmegi türkmen alabaýynyň dünýä derejesinde wepalylygyň, dostlugyň nyşanyna öwrülýändigine şaýatlyk edýär. Dünýä medeniýetiniň aýrylmaz  bölegine öwrülen türkmen itşynaslyk sungatyny ösdürmekde, alabaýlaryň sanyny artdyrmakda, seçgiçilik hem-de tohumçylyk işini netijeli alyp barmakda, bu tohumyň wekillerine tälim bermegiň inçe syrlaryny ýaş nesillere öwretmekde, halypalyk etmekde özüni görkezen itşynaslary höweslendirmek maksady bilen, “Türkmenistanyň halk itşynasy” we “Türkmenistanyň at gazanan itşynasy” diýen hormatly atlar döredildi. Soňra Halkara assosiasiýanyň  agzalary, hususan-da, Belarus Respublikasyndan we Beýik Britaniýadan hususy it şynaslar Lýudmila Butkewiç hem-de Antonino Lo Ra so sanly ulgam arkaly mejlise gatnaşyp, alabaýlaryň tohumynyň häzirki ýagdaýy barada maglumatlary ýygnamagyň we alyşmagyň, olary gorap saklamak, sanyny artdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň möhümdigini nygtadylar. Dürli bilelikdäki  çäreleri, şol sanda usulyýet maslahatlaryny, sergileri, bäsleşikleri, okuw maslahatlaryny, okuw sapaklaryny, “tegelek stol” maslahatlaryny guramagyň ähmiýeti bellenildi. Çykyş  edenler      türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygyň geljek nesiller üçin bu ajaýyp tohumyň genofondyny gorap saklamak hem-de arassa ganly görnüşleriniň sanyny artdyrmak boýunça işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga   mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdiler. Şunuň  bilen baglylykda, bu ugurda daşary ýurtly kärdeşler bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak hem-de giňeltmek assosiasiýanyň esasy wezipeleriniň biridir. Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli “Türkmenistanyň at gazanan itşynasy” diýen hormatly  ady dakmak hakynda Permany okaldy.  Hormatly ada mynasyp bolanlar belent buýsanç duýgusy hem-de tolgunmak bilen döwlet sylaglaryny kabul edip, alyp barýan işlerine ýokary baha berendigi üçin Gahryman Arkadagymyza hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, geljekde-de bu asylly işe mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna ynandyrdylar. Şeýle-de mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Prezidentiniň çözgüdine laýyklykda,  assosiasiýanyň täze agzalaryna agzalyk şahadatnamalary gowşuryldy. Milli itşynaslar halkara assosiasiýanyň agzalygyna kabul  edilendikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk  bildirip, bu guramanyň işine hemmetaraplaýyn  goşantlaryny goşmaga taýýardyklaryny mälim etdiler. Assosiasiýanyň düzümine daşary ýurtly hususy itşynaslar hem kabul edildi. Slowakiýa Respublikasyndan   Roman  Repka  we Çehiýa Respublikasyndan Pawel Swoboda sanly ulgam arkaly Türkmen alabaýynyň baýramy bilen hemmeleri  gutlap, uly ynamy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdiler we assosiasiýanyň agzalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge  taýýardyklaryny nygtadylar. 

26.10.2023 1526
DOWAMY
27.10.2024 213
DOWAMY
28.10.2023 1295
DOWAMY
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» kitabyndan:
- ALABAÝ - BIZIŇ WATANYMYZYŇ BAÝLYGY. OL BIZIŇ ATA-BABALARYMYZYŇ DÖREDEN MILLI GYMMATLYGY. ONY GORAP SAKLAMAK, ÄHLI AJAÝYPLYGY BILEN GELJEK NESILLERIMIZE ÝETIRMEK BIZIŇ BORJUMYZDYR.