![](https://alabay.com.tm/storage/upload/TPaYC2w1Y5Y6XIQWj9BVOBTTISAzG3bIvVe21VbI.jpg)
2021-nji ýylyň 21-nji aprelinde Aşgabat şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezi edarasynyň mejlisler zalynda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň I mejlisi geçirildi. Oňa birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle hem Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky we Aşgabat şäherindäki agzalary hem-de daşary ýurtlardaky agzalary sanly ulgam arkaly gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Berdimuhamedow Serdar Gurbangulyýewiç mejlise gatnaşyjylary Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gyzgyn gutlady.
Assosiasiýanyň ýolbaşçysy mejlisiň gün tertibini yglan edip, bu halkara guramanyň işi bilen baglanyşykly birnäçe guramaçylyk meselelerine garaljakdygyny hem-de öňde durýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyljakdygy barada belläp geçdi.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary esasynda şu ýyl ýurdumyzda milli gymmatlyklarymyz bolan behişdi bedewlerimiziň we türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny has-da dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy ilkinji gezek bilelikde bellenilip geçilýär diýip, Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Asyrlaryň dowamynda türkmen topragynda ösdürilip, kemala getirilen we umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna öwrülen türkmen alabaý itleri özüniň aýratynlyklary boýunça dünýäde giňden tanalýar hem-de tohum itleriň arasynda iň gadymylarynyň we naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Türkmen alabaý itleri biziň milli buýsanjymyz we şöhratymyz bolan ahalteke bedewlerimiz hem-de arşyň nepisligi, Zeminiň janly rowaýaty bolan türkmen halylary ýaly milli gymmatlyklarymyzyň biridir. Türkmen alabaýlaryň eýesine wepalylygy, batyrlygy hem-de edermenligi bilen dünýäde giňden tanalýar. Soňra assosiasiýanyň başlygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti pähim-paýhasyndan dörän “Türkmen alabaýy” eserinde: “Alabaý-biziň milli buýsanjymyz. Alabaý-biziň Watanymyzyň baýlygy. Ol biziň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygy. Ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyz” diýip belläp geçişi ýaly, türkmen alabaýlarynyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşy bilen aýrylmaz baglydygyny belledi.
Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda ýurdumyzda türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň biri bolan türkmen alabaý itleriniň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olary gorap saklamak we köpeltmek, tohumçylygyny alyp barmak hem-de bu ugurda geçirilýän işleri halkara derejede ösdürmek boýunça häzirki döwürde ýurdumyzda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Bu işleriň taryhy gelip çykyşyny, şu günki günlere gelip ýetişini we milli aýratynlyklaryny ylmy esasda düýpli öwrenmek boýunça ähli şertler döredilýär. Türkmen alabaýy dostlugyň we wepalylygyň halkara nyşanyna öwrülýär.
Türkmen alabaýlary boýunça alnyp barylýan işleri has-da ýaýbaňlandyrmak hem-de bu itleri saklamak we köpeltmek bilen meşgullanýan hünärmenleriň tagallalaryny bir ýere jemlemek maksady bilen, ýurdumyzda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasy döredildi. Şonuň bilen birlikde, gysga wagtyň içinde bu abraýly guramanyň türkmen agzalary bilen bilelikde, daşary ýurtly agzalarynyň sany artyp, halkara derejä eýe boldy.
Hormatly Prezidentimiziň ýakyndan berýän hemaýat-goldawlarynyň netijesinde, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen türkmen itşynaslyk sungatyny gorap saklamak, ösdürmek, türkmen alabaýlaryny köpeltmek, olaryň seçgi-tohumçylyk işlerini alyp barmak we geljekki nesillere ýetirmek, şeýle hem ýaşlara türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmegiň inçe tälimleriniň nusgalyk usullaryny öwretmek hem-de halypalyk etmek işlerine aýratyn saldamly goşant goşýan itşynaslarymyzy höweslendirmek maksady bilen, “Türkmenistanyň at gazanan itşynasy”, “Türkmenistanyň halk itşynasy” diýen hormatly atlar döredildi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak we milli itşynaslygy ösdürmek hem-de kämilleşdirmek maksady bilen, ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen Türkmen alabaýynyň baýramyny bilelikde geçirmek bellenildi. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli her ýylyň aprel aýynda türkmen alabaý itleriniň arasynda “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigi hem-de türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek hakyndaky Karar kabul edildi diýip, Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiz tarapyndan itşynaslarymyz üçin şeýle mümkinçilikleriň döredilmeginiň ýurdumyzda we dünýä ýüzünde iň gadymy itleriň biri hasaplanylýan türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmäge uly itergi berjekdigine ynam bildirildi.
Ýurdumyzda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň döredilmegi bilen, geljekde bu itleri köpeltmek, olaryň tohum arassalygyny gorap saklamak, dünýä ýüzünde giňden wasp etmek boýunça biziň öňümizde birnäçe jogapkärli wezipeler durýar. Ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat şäherinde gurlan merkezlerde türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek hem-de köpeltmek; türkmen alabaýlarynyň tohumçylyk-seçgi işlerini alyp barmak, kämilleşdirmek hem-de ylmy taýdan düýpli öwrenmek; ýurdumyzda we daşary ýurtlarda türkmen alabaýlarynyň sergilerini, bäsleşiklerini ýokary derejede geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.
Nygtalyşy ýaly, alabaýlaryň özboluşly aýratynlyklaryny, gylyk-häsiýetini hem-de wepadarlygyny giňden dünýä ýaýmak; daşary ýurt döwletlerinde türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirýän we saklaýan taraplar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyklary ýola goýmak assosiasiýanyň esasy wezipeleri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek we köpeltmek, olaryň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça döredip berýän şeýle ajaýyp mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden sagbolsun aýtdy.
Mejlisiň gün tertibinde kesgitlenen beýleki meselelere geçmek bilen, Serdar Berdimuhamedowyň guramanyň Tertipnamasynda “Assosiasiýasynyň başlygy” we “Assosiasiýanyň başlygynyň orunbasary” diýen sözleri “Assosiasiýanyň Prezidenti” we “Assosiasiýanyň wise-prezidenti” diýen sözler bilen çalyşmak boýunça Tertipnama üýtgetmeleri girizmek, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň guraýan halkara bäsleşiginiň ýeňijisine gowşuryljak “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly medaly döretmek we onuň Düzgünnamasyny hem-de Ýazgysyny tassyklamak, Assosiasiýa ýerli we daşary ýurtly täze agzalary kabul etmek, şeýle hem assosiasiýanyň nobatdaky II mejlisini 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda Aşgabat şäherinde geçirmek baradaky teklipleri öňe sürdi. Mejlise gatnaşyjylaryň ses bermekleriniň netijesinde, bu teklipler biragyzdan goldanyldy.
Soňra Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli has tapawutlanan atşynaslara we itşynaslara “Türkmenistanyň halk atşynasy”, “Türkmenistanyň ussat halypa seýsi”, “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” hem-de “Türkmenistanyň at gazanan itşynasy” diýen hormatly atlary dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, döwlet sylaglaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Mynasyp bolan sylaglaryny uly buýsanç, egsilmez tolgunma bilen kabul edip, olar zähmetlerine berlen ýokary baha üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar we mundan beýläk-de bu asylly işe mynasyp goşant goşmak ugrunda zerur tagallalaryny etjekdiklerine ynandyrdylar.
Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berilýär. Ol Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň at gazanan itşynasy” diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyny okady. Mejlise gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen dabaraly ýagdaýda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysyna döşe dakylýan nyşan we şahadatnama gowşuryldy.
Serdar Berdimuhamedow özüniň alyp barýan işine berlen ýokary baha üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň milli gymmatlygy we baýlygy bolan türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak maksady bilen, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasy döredildi. Şeýlelikde, ýurdumyzda türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek we itşynaslygy ösdürmek boýunça pudagyň berk binýady emele getirildi. Häzirki wagtda asyrlaryň dowamynda kemala getirilen arassa ganly türkmen alabaýlarynyň baş sanyny köpeltmek hem-de milli itşynaslyk sungatyny has-da kämilleşdirmek boýunça döwlet derejesinde giň gerimli işler alnyp barylýar.
Geljekde hem, hormatly Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, dünýä ýüzünde türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça assosiasiýanyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde gijämizi gündiz edip, bu halkara guramanyň agzalary bilen bilelikde ähli gujur-gaýratymyzy gaýgyrman zähmet çekeris diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi we hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň abadançylygynyň we ýurdumyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.
Soňra Medeniýet ministrliginiň esasy hünärmeni, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň agzasy Agamyrat Baltaýewe söz berildi. Ol özüniň çykyşynyň başynda çärä gatnaşyjylary “Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän şu ýylda bellenilýän şanly seneler we wakalar - ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy, şonuň ýaly-da öňde durýan beýleki milli baýramlar we olar mynasybetli paýtagtymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň döwrebap merkeziniň açylmagy bilen gutlady.
Milli Liderimiziň “Türkmen alabaýy” atly kitaby taryhy mirasymyz bolan türkmen alabaýyny öwrenmekde, döwrebap esasda dikeltmekde hem-de wagyz etmekde çelgi bolup hyzmat edýär. Gazuw-agtaryş işleri wagtynda tapylan köp sanly arheologiýa tapyndylary, şonuň ýaly-da gadymy golýazmalar bu tohumyň gadymylygyna hem-de gelip çykyşyna şaýatlyk edýär. Bu ajaýyp eserde bellenilişi ýaly, türkmen alabaýlaryny köpeltmegiň milli tejribesi, itşynaslygyň gadymy usullary olaryň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmäge mynasypdyr. Bu kitap türkmen halkynyň dünýä medeniýetine, adamzat siwilizasiýasynyň ösüşine goşandyny açyp görkezýär diýip, belläp geçdi.
Soňra bu mejlise sanly ulgam arkaly gatnaşan Türkiýe Respublikasynyň Artwin Çoruh uniwersitetiniň prorektory, weterinariýa ylymlarynyň doktory, professor Murat Kibara söz berildi. Murat Kibar hemmeleri ýetip gelýän Türkmen alabaýynyň baýramy, şeýle hem Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň häzirki zaman merkeziniň açylmagy bilen gutlady.
Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasy döredilenden soňra, geçen gysga wagtyň içinde giň gerimli işler ýerine ýetirildi. Baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde Türkmenistanda ilkinji gezek “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” halkara bäsleşigi geçirildi. Murat Kibar assosiasiýanyň ähli agzalaryna asylly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň agzasy, hususy itşynas Mekan Gurbandurdyýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylýan oňyn döwlet syýasatynyň netijesinde, ýurdumyzda türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, gadymy däp-dessurlaryny hem-de medeniýetini gaýtadan dikeltmäge, dünýäde giňden wagyz etmäge, häzirki we geljekki nesillere ýetirmäge gönükdirilen giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny nygtady. Türkmen halky alabaý itlerine hemişe uly sarpa bilen garapdyrlar. Arkadag Prezidentimiz “Türkmen alabaýy” diýen kitabynda olar barada buýsanç bilen ýazýar. Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň döredilmegi, Ahal welaýatynda “Türkmen alabaý itleri” hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumynyň, şeýle hem weterinar gullugyň we öý haýwanlaryny saklamak üçin ýöriteleşdirilen toplumyň ulanylmaga berilmegi, Aşgabat şäherinde, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda türkmen alabaý itleriniň merkezleriniň binalarynyň gurulmagy halkymyzyň milli baýlygy bolan alabaýlar baradaky yzygiderli aladanyň aýdyň subutnamasydyr, bu işler özüniň oňyn netijelerini berýär.
M.Gurbandurdyýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa milletimiziň bahasyna ýetip bolmajak baýlygy bolan türkmen bedewleri hem-de alabaýlary barada yzygiderli alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür we döwlet Baştutanynyň wezipesinde alyp barýan ägirt uly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Özbegistan Respublikasynyň “Узбекский волкодав” tohumlaryny gorap saklamak boýunça jemgyýetiniň başlygy, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň agzasy Akobir Şukurow sanly ulgam arkaly çykyşynda bu assosiasiýanyň işiniň daşary ýurtly itşynaslarda uly gyzyklanma döredýändigini aýtdy. Munuň özi kanunalaýyk ýagdaýdyr: edermen türkmen alabaýy özüne mahsus aýratynlyklary bilen iň nusgalyk, dünýäde has köp ýaýran tohumlaryň biridir, onuň meşhurlygy barha artýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň itşynaslygyň ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlary, bu ugurda zähmet çekýän hünärmenleriň işine mynasyp baha berilmegi itşynaslyk hünäriniň abraýynyň ýokarlanmagyna ýardam berýär. Akobir Şukurow bu assosiasiýanyň agzalary bilen ýakyn hyzmatdaşlyga taýýardygyny beýan edip, türkmen alabaýlarynyň sanyny artdyrmak hem-de dünýädäki şöhratyny belende götermek boýunça alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Azerbaýjan Respublikasynyň “Kawkaz itleriniň janköýerleri” jemgyýetiniň ýolbaşçysy Ilham Gazimzade sanly ulgam arkaly çykyş etdi. Ol maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda alnyp barylýan döwlet derejesindäki milli mirasy gorap saklamaga gönükdirilen işleriň ähmiýetini nygtady. Merkezi edarasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň döredilmegi bu babatda möhüm waka boldy. Ilham Gazimzade türkmen alabaýlarynyň janköýerleriniň ählisiniň adyndan milli Liderimize bu guramanyň işine berýän hemmetaraplaýyn goldawy üçin çäksiz hoşallyk bildirdi hem-de şu günki maslahata gatnaşyjylary Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gutlady we olara öz işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň Prezidenti Berdimuhamedow Serdar Gurbangulyýewiç Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Tertipnamasyna üýtgeşmeleri girizmek hakyndaky, “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly medaly döretmek hakyndaky, bu medalyň Düzgünnamasyny we Ýazgysyny tassyklamak hakyndaky, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasyna ýerli we daşary ýurt täze agzalary kabul etmek hakyndaky, şeýle hem assosiasiýanyň nobatdaky II mejlisini 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda Aşgabat şäherinde geçirmek hakyndaky Kararlara gol çekdi.
Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy mejlisi jemläp, hormatly Prezidentimize guramanyň netijeli işlemegine döredilen mümkinçilikler üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirdi. Serdar Berdimuhamedow assosiasiýanyň agzalarynyň öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynam bildirip, hemmelere berk jan saglyk, uzak ömür, milli itşynaslyk sungatyny ösdürmek hem-de türkmen alabaýlarynyň dünýädäki şöhratyny artdyrmak babatdaky işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.