Bagtyýar zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzda medeni mirasymyzy, milli gymmatlyklarymyza sarpa goýmak, olary aýawly saklamak täzeçe röwüşde ösdürmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar.Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň Karary bilen alabaý itleriniň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, teleoperatorlaryň arasynda yglan edilen bäsleşige hödürlenen döredijilik işleriniň sergisi açyldy. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, sungaty öwrenijiler gatnaşdylar. Hüşgärligi, çydamlylygy, wepalylygy, duýgurlygy, bilen tapawutlanýan türkmen alabaýlary bu gün milli gymmatlygymyz derejesinde sarpalanýar. Türkmen alabaýlarynyň arasynda geçirilýän bäsleşikler bolsa olaryň aýratynlyklaryny açyp görkezmäge mümkinçilik berýär. Wepadarlygy bilen ynsanlaryň hemişelik hemrasyna öwrülen türkmen alabaýynyň hormatyna ýurdumyzda bellenilýän şanly sene mynasybetli geçirilýän bäsleşige hödürlenen işler çeperçiligi, nepisligi bilen biri-birinden tapawutlanýar. Halylarda häzirki wagtda haly gölleri bilen bilelikde türkmen alabaýynyň keşbiniň sazlaşykly dokalmagy, alabaýlaryň türkmen durmuşynda uly orun eýeleýändigini suratlandyrýar. Sergi eserlerinden görnüşi ýaly, awtorlar milli gymmatlygymyz bolan türkmen alabaýlarynyň dürli görnüşdäki pursatlaryny öz işlerine sünnäläp siňdirmegi başarypdyrlar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylynda bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçirilen amaly haşam döredijilik işgärleriniň ýeňijileri 25-nji oktýabrda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek dabarada yglan ediler, ýeňijilere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar. Milli baýlygymyz bolan türkmen alabaýlarymyzy sarpalaýan, olaryň wepadarlygyny, gaýduwsyzlygyny, hüşgärligini sungat eserlerinde beýan etmäge ähli şertleri, mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başy aman bolsun!
From the book "Turkmen Alabay" by Hero Arkadag:
- ALABAY - THE TREASURE OF OUR COUNTRY. IT IS THE NATIONAL VALUE OF OUR ANCIENTS. IT IS OUR RESPONSIBILITY TO PROTECT IT, TO PASS IT TO OUR GENERATIONS WITH ALL OF ITS WONDERFULNESS.