«BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ GALKYNYŞY DÖWRÜNDE TÜRKMEN ALABAÝYNYŇ WASPY» ATLY HOŞALLYK MASLAHATY GEÇIRILDI

25.02.2022 1947

  2022-nji ýylyň 23-nji fewralynda Arkadag Prezidentimiz Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriniň birinde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy we ol ýerde Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň  agzalary  tarapyndan Zaman atly taýçanak bilen bir günde dünýä inen türkmen alabaýyna Arkadag Prezidentimizden at dakyp bermek haýyş edildi. 

Arkadag Prezidentimiz täze doglan alabaýy synlap, alabaýlaryň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan behişdi ahalteke bedewleri hem-de ajaýyp halylarymyz ýaly, halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň hatarynda durýandygyny belledi. Olar türkmeniň sazlaşyk, gözellik, maddy we ruhy gymmatlyklar hakynda  düşünjeleriniň nyşanlaryna öwrülip, halkymyzyň medeniýetiniň ähmiýetli bölegini emele getirýär.

  Arkadag Prezidentimiz ýakynda ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşiniň täze tapgyryny öz içine alýan we halkymyz bilen bilelikde maslahatlaşylyp kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýen şygaryň hormatyna täze dünýä inen alabaýa Eýýam diýip at goýdy. Arkadag Prezidentimiz: «Goý, bu alabaý ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň täze eýýamynyň batly gadamlarynyň, halkymyzyň belent ruhunyň nyşanyny özünde jemläp, edermenligiň, wepadarlygyň ajaýyp nusgasyny görkezsin!» diýip, ýagşy arzuwlar etdi.

  Şol taryhy waka mynasybetli 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkeziniň mejlisler zalynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Hoşallyk maslahatyna ýurdumyzyň dürli künjeklerinde türkmen alabaýlary bilen meşgullanýan hususy itşynaslar, assosiasiýanyň agzalary we hünärmenleri, ýokary okuw jaýlaryň talyplary, professor mugallymlary, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de habar beriş serişdeleriň wekilleri gatnaşyp, Arkadag Prezidentimize ýurdumyzyň ähli itşynaslarynyň adyndan türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda döredip berýän hemaýat-goldawlary üçin öz alkyşlaryny beýan etdiler.

  Arkadag Prezidentimiziň milli baýlyklarymyzy gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça durmuşa geçirýän beýik işleri, taryhy özgertmeleri geljekki nesiller üçin nusgalyk mekdepdir. Ýurdumyzda milli itşynaslygymyzy ösdürmekde, olary ylmy tarapdan öwrenilmegi ugrunda döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalary Arkadag Prezidentimize çäksiz alkyşlaryny aýtdylar!

  Hoşallyk maslahatyna gatnaşyjylar Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler!

 

 

 

25.04.2022 2115
DOWAMY
22.01.2024 1632
DOWAMY
26.10.2022 1510
DOWAMY
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» kitabyndan:
- ALABAÝ - BIZIŇ WATANYMYZYŇ BAÝLYGY. OL BIZIŇ ATA-BABALARYMYZYŇ DÖREDEN MILLI GYMMATLYGY. ONY GORAP SAKLAMAK, ÄHLI AJAÝYPLYGY BILEN GELJEK NESILLERIMIZE ÝETIRMEK BIZIŇ BORJUMYZDYR.